HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Täze senagat” API SP täze nesil derejeli çalgy ýagyny öndürmäge başlady

Maý 01, 2025 | 17:45 |6017
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýokary derejeli motor ýagyny öndürýän kärhana işe başladyAhal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýokary derejeli motor ýagyny öndürýän kärhana işe başlady
Çeşme: orient.tm

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýokary derejeli motor ýagyny öndürýän kärhana işe başlady. “Täze senagat” hususy kärhanasy Amerikanyň nebit instituty (API) tarapyndan 2020-nji ýylda tassyklanan döwrebap ölçegleriň biri bolan SP derejesine gabat gelýän çalgy ýaglaryň önümçiligine girişdi.

Kärhananyň önümçilik işi ýeňil we ýük awtoulaglary, gurluşyk, oba hojalyk tehnikalary, benzin hem-de dizel ýangyjy bilen işleýän hereketlendirijiler üçin ýaglary öndürmäge niýetlenendir. Önümleriň görnüşlerine senagat enjamlary üçin çalgy serişdeleri hem girýär.

“Täze senagat” häzirki zaman tehnologiýa enjamlary we ýokary hilli serişdeleri ulanmaga ähmiýet berýär. Önümçilikde ulanylýan esaslyk ýaglar “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan getirilýär. Önümçilikde ulanylýan goşmaça goşundylar ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden import edilýär. Şunda “ExxonMobil” we “Royal Dutch Shell” düzümleriň bilelikdäki kärhanasy bolan, ýokary derejeli goşundylary öndürmäge ýöriteleşen “Infineum” kompaniýasy esasy hyzmatdaş bolup çykyş edýär.

Bu hyzmatdaşlygyň netijesinde türkmen kärhanasynyň önümleri eýýäm halkara derejede ýokary bäsdeşlige ukyplylygy görkezýär. “Greenhill” haryt nyşanly ýaglar ýokary gyzgynlyga we herekete durnuklylyga, hereketlendirijä arassalyk derejesine bildirilýän talaplara laýyklykda işlenip taýýarlanylýar. Bu aýratynlyklar ýangyjy tygşytlamaga, hereketlendirijiniň hyzmat edijilik möhletini uzaltmaga ýardam edýär hem-de ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýär.

Önümler içerki bazara, şol sanda ekporta hem gönükdirilendir. “Täze senagat” ýakyn wagtda önümleriniň görnüşlerini giňeltmegi we üpjünçiligiň möçberlerini artdyrmagy maksat edinýär. Esasan ýerli çig malyň ulanylmagy we ýerli şertlerdäki önümçilik ýokary hilli önümleri eleýeterli bahada sarp edijilere ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Kärhananyň açylmagy hususy pudaga berilýän goldawlaryň we Türkmenistanyň senagat ösüşiniň netijesidir. Döredilýän şeýle şertler ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryny giňeltmäge we onuň daşarky bazarlardaky ornuny berkitmäge ýardam edýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026