

Türkmenistan bilen Eýran iki ýurduň arasyndaky ýük akymyny artdyrmak barada ylalaşýarlar
Geçen hepde geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň 18-nji mejlisiniň netijeleri barada 23-nji maýda, anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň hasabatyna görä, duşuşygyň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meselesi girizildi




















