HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan ilkinji gezek Ýewraziýa ýurtlaryñ Halkara kino festiwalyna gatnaşar

Maý 26, 2025 | 10:10 |5098
6–13-nji iýun aralygynda Soçide II Ýewraziýa ýurtlarynyň halkara kino festiwaly “Ýewraziýa-Kinofest” geçiriler.6–13-nji iýun aralygynda Soçide II Ýewraziýa ýurtlarynyň halkara kino festiwaly “Ýewraziýa-Kinofest” geçiriler.
Çeşme: pressria.ru

6–13-nji iýun aralygynda Soçide II Ýewraziýa ýurtlarynyň halkara kino festiwaly “Ýewraziýa-Kinofest” geçiriler. Ol 24 ýurdyñ kino sungat işgärlerini birleşdirer. Bu giň gerimli medeni çärede ilkinji gezek Türkmenistan hem gatnaşar. Mundan başga-da, täze gatnaşyjylaryň hataryna Pakistan, Keniýa, Germaniýa, Türkiýe, Günorta Afrika Respublikasy, Şweýsariýa, Mongoliýa, Braziliýa, Fransiýa, Ispaniýa we Serbiýa goşuldy.

Festiwal pikir alyşmak, döredijilik hyzmatdaşlygyny ýola goýmak hem-de medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolar. Onuň maksady – kinematografiýa sungaty arkaly Ýewraziýa yklymyndaky ýurtlary birleşdirýän ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň ähmiýetini açyp görkezmekdir.

Kino işgärlerine bäsleşikli we bäsleşikden daşary görkezmeler, retrospektiwalar, ussatlyk sapaklary, tegelek stol duşuşyklary, forumlar, bölümçe sessiýalary we döredijilik duşuşyklary garaşýar. Festiwalda ýaş režissýorlary, ssenariçileri, operatorlary we kinoblogerleri goldamaga aýratyn üns berler. Şeýle hem, iň gowy kinotaslamalar üçin grant goldawyna dalaş etmek boýunça pitçing geçirilip, Ýewraziýanyñ ýaş kinematografçylar birleşiginiñ bäsleşiginiň netijeleri jemleniler.

Ilkinji “Ýewraziýa-Kinofest” festiwaly 2024-nji ýylyň oktýabrynda Moskwada geçirilip, 10 müňden gowrak tomaşaçyny ýygnady. Şol ýylyň dowamynda “Ýewraziýa” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan Gyrgyzystanda, Abhaziýada, Ermenistanda we Belarusda “Ýewraziýa-Kinofestiň ýañy” forumlary geçirildi. Bu çäreler täze döredijilik işlerini hödürläp, kino giňişligini giňeltmäge mümkinçilik berdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026