HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Derýa Soýsal Brýusseldäki “Gold FM”-de türkmen şahyry Magtymguly Pyragyny hormatlady▶️

Maý 25, 2025 | 20:15 |2880
Brýussel, Belgiýa – 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Derýa Soýsal meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan Brýusseldäki “Gold FM”-de ýörite radio gepleşigine gatnaşdyBrýussel, Belgiýa – 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Derýa Soýsal meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan Brýusseldäki “Gold FM”-de ýörite radio gepleşigine gatnaşdy
Çeşme: orient.tm

Brýussel, Belgiýa – 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda Derýa Soýsal meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan Brýusseldäki “Gold FM”-de ýörite radio gepleşigine gatnaşdy.

Soýal ýaýlymda Magtymguly Pyragynyň döredijiligiň ähmiýetine ünsi çekip, ony türkmen, türk we dünýä edebiýatynda iň görnükli şahyrlaryň biri diýip atlandyrdy. Ol geçen ýyl Türkmenistan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň Aşgabatda uly dabara bilen belländigini, hem-de şol dabaralara görnükli liderleriň şol sanda Wladimir Putiniň, Kasym-Žomart Tokaýewiň, Şawkat Mirziýoýewiň we Sadyr Žaparowyň gatnaşdygyny belledi.

Soýsal, Magtymguly Pyragynyň pelsepewi garaýyşlarynyň köptaraply häsiýetini görkezip, onuň iňlis, fransuz, türk we türkmen dillerinde saýlanan goşgularyny okamaga dowam etdi. Ol türkmen jemgyýetiniň ruhuny we esasy gymmatlyklaryny özünde jemleýändigini nazara alyp, Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda möhüm şahsyýetdigi nygtady.

Özüniň şygyrýeti bilen Magtymguly Pyragy agzybirligi, söýgini, jebisligi, tebigata hormat goýmagy, zenanlara hormat goýmagy, şeýle hem Türkmenistanyň milli syýasatynda öz beýanyny tapan parahatçylyk ýörelgelerini öňe sürüpdir” – diýip Soýsal aýtdy.

Sözüniň ahyrynda ol Magtymguly Pyragynyň şygyrýetiniň parahatçylyk üçin bütin dünýäde adamlar we jemgyýetler üçin ýol görkeziji bolmalydygyny aýtdy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026