HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Organiki gün elementleri: PTQ15 — köpçülikleýin bazara tarap ägirt uly ädim

Maý 25, 2025 | 16:35 |4189
Çžençžou uniwersitetiniň alymlary organiki gün elementleriniň (OSC) ugry boýunça uly ylmy açyş etdiler — olar täze PTQ15 polimerini işläp düzdiÇžençžou uniwersitetiniň alymlary organiki gün elementleriniň (OSC) ugry boýunça uly ylmy açyş etdiler — olar täze PTQ15 polimerini işläp düzdi
Çeşme: ixbt.com

Çžençžou uniwersitetiniň alymlary organiki gün elementleriniň (OSC) ugry boýunça uly ylmy açyş etdiler — olar täze PTQ15 polimerini işläp düzdi. Bu innowasion material gaýtadan dikeldilýän energiýa bazarynda öwrülişik döredip biler, sebäbi ol bar bolan analoglara garanyňda has arzan bahadan diýen ýaly 20% netijelilik görkezýär. PTQ15 energiýany öwürmekde 19,96% tassyklanan netijeliligi gazandy — bu bolsa arzan organiki materiallaryň arasynda rekord görkeziji. Onuň bahasy bir kg üçin bary-ýogy 35 528 amerikan dollary bolup, ýokary hilli polimerler (PM6, D18) bilen deňeşdirilende bäş esse arzan — olaryň bahasy 200 müň dollardan hem ýokary. Bu elýeterlilik ýokary öndürijilikli we optimizirlenen sintez usuly bilen baglanyşyklydyr.

K1/K6 kabul edijiler bilen utgaşanda, PTQ15 polimeri örän çalt zarýad geçirijiligini we energiýa ýitgisiniň azlygyny üpjün edýär. Has möhümi, bu material esasynda taýýarlanan enjamlar hatda açyk howada işlenende-de ýokary ygtybarlylygy görkezýär. Gürrüňi gidýän Gün panelleriniň bir watt üçin çaklanan bahasy 0,36 dollar bolup, olar adaty kremniýli Gün panelleri bilen ykdysady taýdan bäsdeşlige girip bilýär.

Öz ýeňilligi we çeýeligi bilen organiki gün elementleri göçme zarýad beriji enjamlar we binalara integrirlenen fotoelektrik ulgamlary üçin ajaýyp saýlawdyr. Alymlar netijeliligi 20%-den hem ýokary çykarmak ugrunda işlerini dowam etdirýärler. PTQ15 polimeriniň üstünlikli ornaşdyrylmagy, organiki gün elementlerini barlaghana tejribelerinden çykaryp, köpçülik üçin elýeterli we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmesine öwürip biler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

Tramp Eýran bilen gepleşikleriň täzeden başlanmagynyň mümkindigini aýdyp, ýagdaýy «örän gowy» diýip häsiýetlendird

21:00 Awgust 20, 2026
Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

Lawrow Putiniň Iturup adasyna sapary bilen bagly Ýaponiýanyň protestine jogap berdi

19:59 Awgust 20, 2026