

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.


Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.


Russiýa Federasiýasynyñ ulag ministri Roman Starowoýt we Türkmenistanyñ Ministrler Kabinetiniñ ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiñ başlygy M.Çakyýew göni wideoaragatnaşyk arkaly maslahaty geçirip, onda halkara ulag hyzmatdaşlygyny giñeltmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


2025-nji ýylyň 29-njy maýynda ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz Halkara howa menziline dünýäde meşhur we öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň biri bolan «Skytaxi» kompaniýasynyň Boeing 767 kysymly ýük howa gämisi Hytaýyň Urumçi şäherinden gelip, tehniki gonuşy ýerine ýetirilip, Polşa döwletine ugradyldy. Bu tehniki gonuş, ýurdumyzyň Daşoguz howa menziline ilkini bolup «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gurnamagynda amala aşyryldy


29-njy maýda Tokioda Türkmenistanyñ Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Baýramowyñ Ýaponiýanyñ adalat ministri Keýsuke Sudzuki bilen duşuşygy geçirildi.


2025-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsullygy tarapyndan Bütindünýä welosiped gününiň öňisyrasynda owgan tarapy bilen bilelikde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda Hyrat şäheriniň esasy ýollary boýunça köpçülikleýin welosipedli ýöriş guraldy


2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly soraglar boýunça hem maslahatlaşmalar guraldy


Milli bilim ulgamyny ösdürmek hem-de onuñ maddy-tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyñ Prezidenti paýtagtymyzda döwrebap bilim desgalaryny gurmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.


Şu gün, 30-njy maýda Gazagystanyñ paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwlet baştutanlarynuñ we Italiýanyñ premýer-ministri Jorj Meloniniñ gatnaşmagynda ilkinji sammit açylýar.


Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň çakylygy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-2-nji iýuny aralygynda Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrar


Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew Şweýsariýanyň meşhur režissýor-dokumentalisti we “Climage” kino kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stefan Goel bilen söhbetdeşlik geçirdi. Bu geçirilen duşuşyk dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistana barha artýan gyzyklanmasyny ýene bir gezek tassyklady


Türkmenistanyň Minskdäki Ilçihanasy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Maýyp çagalar üçin respublikan dikeldiş merkezinde çäre gurnady. Duşuşyk çagalara şatlykly pursatlary sowgat edip Türkmenistan hakda täze maglumatlary öwrendiler. Çäre mähirli we dostluk atmosferasynda geçirildi


“Türkmengaz” döwlet konserniň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, Ählumumy metan borçnamasy boýunça metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek we hasabat bermek maksady bilen Berlinde (Germaniýa) geçirilen okuw saparyna gatnaşdylar. Bu sapar ÝHHG-niň goldawy bilen guralyp, 27-29-njy maý aralygynda amala aşyryldy


Türkmenistanyň dokma senagatyna wekilçilik edýän wekiliýet Belgiýa iş sapary bilen Ipr şäherine baryp gördi. Bu ýerde dokma maşyngurluşyk pudagynda dünýä öňdebaryjylaryna biri – “Picanol” kompaniýasynyň ştab-kwartirasy ýerleşýär


2025-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, Aşgabat – Moskwa – Aşgabat ugry boýunça T5701/702 we T5715/716 gatnawlaryñ ýerine ýetirilmegi togtadylýar.


Çalık Holding energiýa, gurluşyk, dag-magdançylyk, dokma we maliýe pudaklarynda 34 döwlete ýaýran global derejedäki işjeňligi bilen tanalýar.