HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmengaz” Germaniýanyň metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek tejribesini öwrenýär

Maý 29, 2025 | 20:30 |4289
“Türkmengaz” döwlet konserniň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, Ählumumy metan borçnamasy boýunça metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek we hasabat bermek maksady bilen Berlinde (Germaniýa) geçirilen okuw saparyna gatnaşdylar. Bu sapar ÝHHG-niň goldawy bilen guralyp, 27-29-njy maý aralygynda amala aşyryldy“Türkmengaz” döwlet konserniň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, Ählumumy metan borçnamasy boýunça metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek we hasabat bermek maksady bilen Berlinde (Germaniýa) geçirilen okuw saparyna gatnaşdylar. Bu sapar ÝHHG-niň goldawy bilen guralyp, 27-29-njy maý aralygynda amala aşyryldy
Çeşme: Getty Images

“Türkmengaz” döwlet konserniň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri, Ählumumy metan borçnamasy boýunça metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmek we hasabat bermek maksady bilen Berlinde (Germaniýa) geçirilen okuw saparyna gatnaşdylar. Bu sapar ÝHHG-niň goldawy bilen guralyp, 27-29-njy maý aralygynda amala aşyryldy.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi we ÝHHG-niň ykdysady we daşky gurşaw çäreleriniň utgaşdyryjysynyň edarasy bilen bilelikde guralan bu saparyň maksady metanyň zyňyndylaryny dolandyrmakda öňdebaryjy tejribäniň we innowasion çemeleşmeleriň alyş-çalşygyndan ybarat boldy.

Berlinde türkmen wekiliýeti Ykdysadyýet we energetika boýunça Federal ministrliginiň, Germaniýanyň Daşky gurşaw boýunça agentliginiň we beýleki degişli guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirdi. Bu duşuşyklaryň dowamynda Germaniýanyň metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça üstünlikli strategiýalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Metanyň zyňyndylaryna gözegçilik etmekde ýöriteleşen “AIRMO” kompaniýasyna baryp görülmegi maksatnamanyň möhüm bölegi boldy. Türkmen hünärmenleri ýangyç bekedinde metanyň gözegçiliginiň göni görkezilişini, şeýle hem “AIRMO”-nyň metanyň syzyşlaryny ýüze çykarmak we ýok etmek boýunça hyzmatlaryny görmäge mümkinçilik aldylar.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ykdysady we daşky gurşaw bölüminiň müdiri Oliwera Zurowak-Kuzman, bu saparyň Merkeziň metanyň zyňyndylaryny azaltmak we kadalaşdyrmak babatynda alyp barýan goldawynyň bir bölegidigini aýtdy. Bu saparyň, türkmen hünärmenleriniň Ählumumy metan borçnamasy bilen baglanyşykly borçnamalary netijeli ýerine ýetirmek ukybyny güýçlendirjekdigine ynam bildirdi.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri nemes kärdeşleri bilen metanyň zyňyndylary baradaky ÝB-niň kanunlary we düzgünleri, Germaniýanyň degişli syýasatlary işläp düzmek we durmuşa geçirmek tejribesi, şeýle hem bu ugurda standartlaryň we sertifikatlaryň ähmiýeti barada pikir alyşdylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

Türkmenistanly küştçi Lala Şöhradowa Hindistanda rapid boýunça Aziýanyň çempiony boldy

11:48 Awgust 21, 2026
Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi

06:03 Awgust 21, 2026
Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

Türkmenistan bilen Täjigistan 2027–2028-nji ýyllar üçin diplomatik hyzmatdaşlyk maksatnamasyny tassyklady

06:02 Awgust 21, 2026