HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahanda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Maý 30, 2025 | 10:40 |3710
2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly soraglar boýunça hem maslahatlaşmalar guraldy2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly soraglar boýunça hem maslahatlaşmalar guraldy
Çeşme: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan ş.)

2025-nji ýylyň 29-njy maýynda General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Hazar deňiz we derýa ulaglary institutynda «Suw ulagynda döreýän döwrebap meseleleriň çözgüdi» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çäginde «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen baglanşykly soraglar boýunça hem maslahatlaşmalar guraldy.

Bu maslahata Türkmenistanyň Konsuly Gadam Ilamanow şeýle hem, Hazar sebitiniň beýleki ýurtlaryň diplomatik wekilhanalaryň wekileri we sebitiň hökümet edaralarynyň ýolbaşçylary, hususan-da, Astrahan oblastynyň hökümetiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Ilýa Wolinskiý we Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyk ministriniň orunbasary Ilýa Toropitsyn gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda durnukly logistika infrastrukturasynyň emele gelmeginiň esasy baglanyşygy hökmünde çykyş edýän suw ulagynyň ornynyň ähmiýeti baradaky meselelere garaldy. Konsul G.Ilamanow öz çykyşynda Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler we gazanylan üstünlikler barada gatnaşyjylara giňişleýin maglumatlary berdi.

Bu çäre halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly ädimleriň biri boldy we Ýewraziýa giňişliginde täsirli, durnukly we özara bähbitli ulag ulgamynyň döredilmegine ýurtlaryň umumylykda ymtylýandyklaryny açyp görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistanda Günorta Koreýanyň LS Cable & System kompaniýasy bilen bilelikde optiki-süýümli kabelleriň önümçiligi ýola goýlar

20:52 Sentýabr 21, 2026