HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda "Güneşli" çagalar we ýetginjekler merkezi hem-de teleskoply obserwatoriýa gurlar

Maý 30, 2025 | 10:40 |4305
Milli bilim ulgamyny ösdürmek hem-de onuñ maddy-tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyñ Prezidenti paýtagtymyzda döwrebap bilim desgalaryny gurmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.Milli bilim ulgamyny ösdürmek hem-de onuñ maddy-tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyñ Prezidenti paýtagtymyzda döwrebap bilim desgalaryny gurmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.
Çeşme: turkmenmetbugat

Milli bilim ulgamyny ösdürmek hem-de onuñ maddy-tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyñ Prezidenti paýtagtymyzda döwrebap bilim desgalaryny gurmaga gönükdirilen Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda Türkmenistanyñ Bilim ministrligine Aşgabat şäherinde "Güneşli" çagalar we ýetginjekler merkezini taslamak we gurmak barada şertnama baglaşmaga rugsat berildi. Täze bina halkara standartlaryna laýyk gelýän öñdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylyp, ýaş ösüp gelýän nesliñ döredijilik we ylmy taýdan ösmegi üçin ýene bir häzirki zaman platforma öwrüler. Şeýle hem, täze binanyñ ýerleşdiriljek çäginiñ daş-töweregi abadanlaşdyrylar.

Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň pul serişdeleriniñ hasabyna "Güneşli" merkeziniñ çäginde älem giñişligine gözegcilik etmek üçin teleskoply obserwatoriýa hem dörediler. Ol Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyñ düzümine girer. Bu kitaphana hem häzirki zaman sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar.

Gurluşyk işleriniñ başlanmagy 2025-nji ýylyñ iýun aýyna meýilleşdirildi. Gurluşygyñ tamamlanmagy hem-de gutarnykly görnüşde ulanmaga berilmegi 2027-nji ýylyñ maý aýyna göz öñünde tutuldy.

Täze infrastruktura ýaş ösüp gelýän nesliñ intellektual, ylmy we medeni ösüşinde möhüm ädim bolar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026