

Minskde Ilçi ekologiýa boýunça ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy
Minsk şäherindäki A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynda Türkmenistanyň Ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlik diňe bir diplomatik seneler barada däl-de, eýsem, geljekki ekologlaryň Watanyndaky «ýaşyl» başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa tejribesini nähili peýdalanyp biljekdikleri barada hem boldy

















