Minskde Ilçi ekologiýa boýunça ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdy


Minsk şäherindäki A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynda Türkmenistanyň Ilçisi Nazarguly Şagulyýewiň türkmen talyplary bilen duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşlik diňe bir diplomatik seneler barada däl-de, eýsem, geljekki ekologlaryň Watanyndaky «ýaşyl» başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde Ýewropa tejribesini nähili peýdalanyp biljekdikleri barada hem boldy.
Duşuşyk üçin meýdançanyň saýlanyp alynmagy simwoliki ähmiýete eýedir: ekologiýa gün tertibi şu günki günde döwletleri islendik resmi ylalaşyklardan hem has berk birleşdirýär. «Saharow institutyna» bolan bu sapar 2026-njy ýyl — «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygaryna hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bitaraplyk baradaky täze kitabynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna bagyşlandy.

Institutynyň direktory, professor Oleg Rodkin Ilçi bilen bolan söhbetdeşlikde türkmen talyp-ekologlarynyň durnukly ösüşiň geljekki arhitektorlarydygyny belledi. Şu günki günde olar Minskde ertir Türkmenistanyň oba hojalygyna, energetika pudagyna we özboluşly ekoulgamlarynyň aýawly saklanylmak üçin innowasiýalary ornaşdyrmaga kömek etjek tehnologiýalary özleşdirýärler.
«Türkmenistandan bolan uçurymlarymyz elmydama taýýarlygyň ýokary derejesini görkezýärler» — diýip, professor nygtady we institutynyň hyzmatdaş ýurt üçin hünärmenleri taýýarlamaga goşýan goşandy üçin buýsanýandygyny aýdyp, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Ilçi Nazarguly Şagulyýew ýaşlaryň öňünde çykyn edip, «ganatly bedew» şekiliniň çuňňur manysyny açyp görkezdi. 2026-njy ýylda ahalteke bedewi diňe bir taryhyň janly ýadygärligi däl-de, eýsem, ýurduň häzirki ösüş depgininiň simwoly hökmünde hem öňe çykýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy duşuşygyň iň esasy wakasy boldy. Ilçi talyplara «oňyn bitaraplygyň» — bu diňe bir syýasy adalga bolman, eýsem, ynanyşmaga we özara hormat goýmaga esaslanýan adam hem-de döwletara gatnaşyklarynyň ekologiýasydygyny düşündirdi.

Duşuşyk täsirli pursatlar bilen tamamlandy: talyp-ekologlar şygyrýet kompozisiýasyny taýýarladylar. Ylmy institutyň diwarlarynda ýaňlanan ene topraga bolan söýgi we ahalteke bedewleriniň waspy baradaky goşgular ýaşlaryň häzirki zaman ylmynyň bilimlerini peýdalanyp, ata-babalarymyzyň mirasyny gorap saklajakdyklary baradaky beren wadasy bolup ýaňlandy.
ORIENT








