HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow «Al Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda — Aşgabadyň ABŞ bilen gatnaşyklardaky ileri tutýan ugurlary barada

Fewral 22, 2026 | 01:45 |7041
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň meşhur «Al Arabiýa» halkara teleýaýlymyna interwýu berdi. Tanymal alyp baryjy Rizwan Han bilen söhbetdeşlik Floridada geçirildi we Aşgabadyň ABŞ bilen gatnaşyklaryndaky ileri tutýan ugurlaryna bagyşlandyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň meşhur «Al Arabiýa» halkara teleýaýlymyna interwýu berdi. Tanymal alyp baryjy Rizwan Han bilen söhbetdeşlik Floridada geçirildi we Aşgabadyň ABŞ bilen gatnaşyklaryndaky ileri tutýan ugurlaryna bagyşlandy
Çeşme: alamy.com

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň meşhur «Al Arabiýa» halkara teleýaýlymyna interwýu berdi. Tanymal alyp baryjy Rizwan Han bilen söhbetdeşlik Floridada geçirildi we Aşgabadyň ABŞ bilen gatnaşyklaryndaky ileri tutýan ugurlaryna bagyşlandy.

Interwýunyň esasy mazmuny amerikan tejribesi bilen türkmen özgertmeleriniň arasyndaky pragmatik baglanyşykdan ybarat boldy. Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalaryň eýýäm amala aşyrylandygy we häzirki wagtda durmuşa geçiriliş tapgyrdadygy bellenilip geçildi.

«Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny we tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle hem elektroenergetika, kompýuter we logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugurlarynda gowy mümkinçilikleriň bardygyny görýäris» — Türkmenistanyñ Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Energetika strategiýasy esasy temalaryň birine öwrüldi. Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny we häzirki wagtda ýurduň strategiýasynyň ugurlary diwersifikasiýalaşdyrmaga esaslanýandygyny belledi.

Söhbetdeşlikde TOPH taslamasyna hem deglip geçildi: Taslamanyň Owganystanyň çägindäki tapgyrynyň («Arkadagyň ak ýoly») gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Taslama gyzyklanma bildirýän kompaniýalar, şol sanda amerikan maýadarlary üçin hem açykdyr.

Transhazar ugry barada aýdylanda bolsa, Türkmenistan Ýewropa gaz ibermek boýunça dialoga taýýardygyny tassyklady we halkara-hukuk häsiýetli, ylaýta-da Hazar deňziniň düýbüni delimitasiýa etmek meselesini çözmegiň zerurdygy bellenildi. Bu mesele bilen meşgullanmak üçin türkmen-azerbaýjan Iş topary döredildi.

Interwýunyň ynsanperwer bölümi türkmen ýaşlarynyň geljegine degişli boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow täze Arkadag şäherinde ýöriteleşdirilen iňlis dilli mekdebini açmagy meýilleşdirilýändigini habar berdi. Bu mekdebiň okuw maksatnamasy talyplary dünýäniň iň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine, şol sanda Amerikanyň Garward, MIT we Kolumbiýa uniwersitetlerine okuwa girmäge taýýarlamaga gönükdiriler.

Florida ştatyna saparynyň maksady baradaky soraglara jogap berip, Gurbanguly Berdimuhamedow işewürlik hyzmatdaşlygy, maýa goýumlary we söwda ulgamlarynda, şeýle hem sport çärelerini guramakda ştatyň tejribesini öwrenmek babatda niýetleri barada gürrüň berdi.

Floridanyň golf meýdançalaryny we dynç zolaklaryny gurmakdaky üstünlikleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky täze taslamalar üçin nusga bolup biler. «Nicklaus Companies» amerikan kompaniýasy bilen 2022-nji ýylda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama — bu dünýä derejeli syýahatçylyk merkezlerini döretmek boýunça giň gerimli hyzmatdaşlygyň diňe bir başlangyjydyr.

Atçylyk hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugruna öwrüldi. Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen seýisleriniň we Floridanyň hünärmenleriniň tejribesini birleşdirmegi teklip etdi. Bu ştatda atçylyk sportunyň ýokary derejede ösendigini göz öňünde tutanyňda, şeýle hyzmatdaşlyk «asman atlaryny» täze sport giňişlilerine çykaryp biler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

ABŞ bilen Eýran urşy bes etmek boýunça özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekdiler: 14 bent, doňdurylan aktiwleriň açylmagy, Ormuz bogazyndan erkin geçiş we goşunlaryň çykarylmagy — elektron gol bilen berkidilen parahatçylyk

21:00 Iýun 18, 2026
Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

Futbol uruşdan güýçli: wiza kynçylyklaryna we çaknyşyklara garamazdan, Eýran 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda Täze Zelandiýa bilen deňme-deň oýnady

19:00 Iýun 18, 2026
ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

ÝB Türkmenistan üçin Hazarüsti ulag geçelgesiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

17:32 Iýun 18, 2026