Si Szinpin milli kanunçykaryjy edaranyň ýyllyk sessiýasyndaky ara alyp maslahatlaşmalara gatnaşýar
HHR-iň Başlygy Si Szinpin ÄHWÝ-niň 4-nji sessiýasynyň çäklerinde Szýansu welaýatynyň wekilleri bilen duşuşdy. Pekinde sekiz günlik maslahat başlandy.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin ÄHWÝ-niň 4-nji sessiýasynyň çäklerinde Szýansu welaýatynyň wekilleri bilen duşuşdy. Pekinde sekiz günlik maslahat başlandy.
Hytaý innowasiýa reýtinginde 10-njy orna çykdy. Ministr In Heszýun 2025-nji ýylyň üstünlikleri, robototehnika we ylmy çykdajylar barada maglumat berdi.
Penşenbe güni nebitiň bahasy uly ösüş görkezdi. WTI nebiti 81,01 dollara, Brent bolsa 85,41 dollara çenli gymmatlady. Birža täzelikleri we nebit nyrhlary.


5-7-nji mart aralygynda Daşkent şäheriniň “Wyndham” myhmanhanasynda sebitdäki iňlis dili özgertmelerini täze basgançaga çykaran “Iňlis dili we inklýuziwlik boýunça hyzmatdaşlyk sammiti” geçirildi. Bu strategik çärä Türkmenistandan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri işjeň gatnaşdylar


Häzirki wagtda maglumat giňişliginde GDA-nyň iň iri onlaýn söwda platformalarynyň biriniň Türkmenistanyň bazaryna çykmagy baradaky tema ýene-de ara alnyp maslahatlaşylýar


5-nji martda Brýusselde, Ýewropa Parlamentinde ÝB–Türkmenistan formatyndaky 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini, Merkezi Aziýanyň sebit gün tertibini, halkara ýagdaýy, şeýle hem hukugyň hökmürowanlygy we durmuş syýasaty bilen bagly temalary ara alyp maslahatlaşdylar


Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi. Statistiki maglumatlar jemi içerki önümiň 6,3% derejesinde durnukly ösendigini we ýokary maýa goýum işjeňligini görkezýär


Iki taraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek we Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndaky başlyklygynyň çäklerindäki giň gerimli maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselesi Türkmenistanyň RF-daky Ilçisi Esen Aýdogdyýew bilen Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçewiň arasyndaky duşuşygyň esasy temalary boldy


Halkara zenanlar güni şu ýyl Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna dynç almak we baýram etmek üçin goşmaça gün peşgeş berer. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, dynç güni ýekşenbe gününden duşenbe gününe geçirildi


6-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň esasy diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylygynda giň gerimli üýtgeşmelri amala aşyryp, birnäçe permanlara gol çekdi. Üýtgeşmeler ABŞ-daky, Russiýadaky ilçihanalary we BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanany öz içine aldy


Şu gün Eýran Yslam Respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçihanasynyñ Medeniýet merkezinde ýurduň Beyik ruhy Lideri şehit Ayatolla Seýed Ali Hameneýini ýatlamak mynasybetli Gurhan sergisi guraldy we Mukaddes Remezan ayy mynasybetli agzaçar sadakasy berildi


Türkmenistanyň wekiliýeti 2–3-nji martda Tokioda geçirilen “Salgytlar we ösüş” atly ählumumy forumyna gatnaşdy. BMG-niň, Halkara Walýuta Gaznasynyň (IMF) we Bütindünýä Bankynyň howandarlygynda geçirilen dünýä maliýe ýolbaşçylarynyň duşuşygy salgyt dolandyrylyşynyň täze ülňülerini işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança boldy


Microsoft korporasiýasy resmi taýdan Gabriela Popeskuny Rumyniýa, Moldowa we Merkezi Aziýa ýurtlary üçin jogapkär sebit menejeri wezipesine belländigini mälim etdi. Bu çözgüt tehnologiýa ägirdiniň sebitiň sanly bazaryna ünsüni has-da güýçlendirýändigini görkezýär


SpaceX kompaniýasy Starlink hemra internet hyzmaty üçin abuna şertlerini ep-esli täzeledi we hyzmaty giň ulanyjy köpçüligi üçin has elýeterli etdi. Esasy täzelikleriň biri — öň gymmat enjamy hökmany satyn almak talaby ýatyryldy


"Türkmengaz” döwlet konserni öz zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-016 belgili açyk tender yglan edýär