HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TOHU-da açyk sapak: Ykdysady ugurlarda žurnalistikanyň orny hem-de media sowatlylygy

Aprel 20, 2026 | 23:07 |9813
Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň işjeň gatnaşmagynda häzirkizaman žurnalistikasy we onuň dürli ykdysady ugurlardaky ähmiýeti hem-de media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçildiÝakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň işjeň gatnaşmagynda häzirkizaman žurnalistikasy we onuň dürli ykdysady ugurlardaky ähmiýeti hem-de media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçildi
Çeşme: orient.tm

Ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we mugallymlaryň işjeň gatnaşmagynda häzirkizaman žurnalistikasy we onuň dürli ykdysady ugurlardaky ähmiýeti hem-de media sowatlylygy boýunça açyk sapak geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça merkezi bilelikde guradylar.

Seýli Aryşow TOHU açyk sapak ORIENT

TOHU-da yzygiderli geçirilýän açyk sapagyň bu gezekki myhmany ORIENT habarlar saýtynyň wekili ýaş žurnalist Seýli Aryşow boldy. Ol çykyşynda häzirki sanly ulgamyň, emeli aň ýaly ösen tehnologiýalaryň döwründe galp habarlar (fake news, deepfake) bilen anyk habarlary seljermegiň ýollary, ýaýradylýan ykdysady habarlarda sanlary (statistiki maglumatlary) maglumatlary dogry beýan etmegiň usullary şeýle hem ulanylýan dürli ykdysady adalgalaryň düşündirilişi barada giňişleýin belläp geçdi.

Seýli Aryşow TOHU açyk sapak

Elbetde häzirki wagtda islendik ugurda hem KHBS-niň ähmiýeti has-da artýar. Esasan hem söwda-ykdysady ulgamda günsaýyn barha kämilleşýän internet žurnalistikasynyň orny örän uludyr.

Sosial torlardaky internet habarlar çeşmelerinden hem görnüşi ýaly, häzirki wagtda žurnalistikanyň bu görnüşiniň geriminiň giňelýändigini we uly geljeginiň bardygyny aňmak bolýar. Ýöne her zadyň hem iki tarapynyň bolşy ýaly, şol bir wagtyň özünde sosial ulgamlarda ýaýradylýan käbir galp habarlardan goranmak we olary saýgaryp bilmek hem döwrüň esasy zerurlyklarynyň biri bolup durýar.

Seýli Aryşow TOHU

Ady agzalan temalar açyk sapaga gatnaşyjylaryň ählisi üçin gyzykly hem täsirli bolup, oňa gatnaşan mugallymlaryň we talyplaryň özlerini gyzyklaryndyrýan sowallaryna jogap almaklary bilen jemlendi.

Ýeri gelende belläp geçsek, ORIENT-iň döredijilik topary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky «Ýaş telekeçiler» merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklap ýaşlaryň arasynda şeýle seminarlary we açyk sapaklary yzygiderli geçirip gelýär.

Seýli Aryşow

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026