

Aşgabadyň we Türkmenistanyň beýleki şäherleriniň arasynda yzygiderli demir ýol gatnawy täzeden ýola goýlar
2022-nji ýylyň 20-nji maýyndan Aşgabatdan we Türkmenistanyň beýleki sebitlerinden ýolagçy otlylarynyň hereket etmeginiň tertibi belli boldy.


2022-nji ýylyň 20-nji maýyndan Aşgabatdan we Türkmenistanyň beýleki sebitlerinden ýolagçy otlylarynyň hereket etmeginiň tertibi belli boldy.


Çarşenbe güni Türkmenistan Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününi belledi. Aşgabatda geçirilen resmi dabaralara Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.


Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygnyy goraýyş ylmy we kliniki merkezine Howandarlyga mätäç çagalara kömek bermegiň haýyr-sahawat gaznasyndan çagalary bejermäge $400 müň bölünip berler.


Germaniýanyň «Tejribeli hünärmenler gullugy» bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde hünär derejelerini ýokarlandyrmak üçin dürli hünär ugurly türkmen lukmanlarynyň 150-sini GFR-niň öňdebaryjy klinikalaryna iş saparyna ugratmak göz öňünde tutuldy.


Eýranyň suw üpjünçiligi we lagym suwlaryny sowmak baradaky meseleler boýunça energetika ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Energetika ministrliginiň wekiliýeti suw we elektrik energiýasy babatda hem-de ony ösdürmegiň ýollary boýunça eýran-türkmen hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak üçin Aşgabada geldi.


Ýaş pianinoçy Aýnur Otuzowa Ýozef Gaýdnyň doglan gününiň 290-ýyllygyna bagyşlanan ”Nusgawydan häzirkizamana çenli”atly Halkara instrumental ýerineýetirijilik festiwal-bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.


Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan Milli derejede kesgitlenen goşandynyň (MDKG) täzelenen görnüşi tassyklandy.


2022-nji 18-nji maýynda 2022-nji ýylyň şygarynyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» yglan edilmeginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky Ilçihanasy Duşenbe şäherinde Täjigistanyň Milli mizeýiniň binasynda geçirilen «Muzeýde agşam» atly halkara çäresine gatnaşdy.


Türkmenistanyň Prezdenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň döwlet baştutany Kasym-Jomart Tokaýewiň adyna onuň doglan güni mynasybetli gutlag hatyny ugratdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Konstitusiýanyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady diýip, şu gün resmi türkmen metbugaty ýazýar.


Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Wozroždeniýe» rus holdinginiň baştutany Igor Bukato bilen duşuşygynyň dowamynda Aşgabadyň günorta serhetleriniň ýanynda sil suwuny sowujy desgalar ulgamynyň gurluşygynyň öňe ilerledilişi esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.


“Täze saba” hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda diş çotgalaryny öndürýän täze zawody işe girizdi diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


“Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň “Ekerem” burawlaýyş müdirliginiň işgärleri Uzynada ýatagynda 6750 metr çuňlukdaky №77 guýyny işläp taýýarlamagyň çäklerinde tebigy gazyň hem-de nebit kondensatynyň senagat akymyny aldylar diýip, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň saýty habar berýär.


Çagalary goramagyň Halkara gününe bagyşlanylan baýramçylyk konserti 21-nji maýda Aşgabatda geçiriler. Şäheriň botanika bagynyň içindäki howzuň töweregindäki owadan meýdança konsert sahnasy bolar.


Duşenbe güni, 16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda $174,2 müň we 17,4 million manada barabar bolan geleşikleriň 10-sy baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.