

Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy ösdürmäge isleg bildirýärler
Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy we sport ulgamyny ösdürmek işine gatnaşmaga bolan isleglerini beýan etdiler.


Amerikan kompaniýalary Türkmenistanda golfy we sport ulgamyny ösdürmek işine gatnaşmaga bolan isleglerini beýan etdiler.


Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farruh Şarifzodanyň «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasynyň (NAPECO)» baş direktory Maksat Pirliýew bilen duşuşdy.


Duşenbe güni 23-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda daşary ýurda nah ýüplük ugratmak üçin $471,5 müň we 1,5 million manatlyk geleşikleriň 4-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Duşenbe güni, 23-nji maýda Tähranda YHG-niň sekratariýatynda YHG-ny özgertmek işi boýunça örän işjeň häsiýetli iki günlük ara alyp maslahatlaşma başlandy. Çäre agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçýär.


Astrahanda 22-24-nji maý aralygynda “Hazar 2022: durnukly ösüşiň ýollary” atly halkara ylmy forum geçýär. Pikir alyşmalara halkara guramalarynyň we Hazarýaka ýurtlarynyň ylymlar akademiýalarynyň bilermenleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Rushyzmatdaşlygynyň, hökümet edaralarynyň, işewür jemgyýetçiliginiň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.


Türki döwletleriň Guramasyna agza ýyrtlaryň maglumat kommunikasiýa tehnologiýalary ministrleriniň duşuşygy şu hepdäniň içinde, ýagny 26-njy maýda Baku şäherinde geçirilýän “TEKNOFEST Azerbaýjan” aerokosmiki tehnologiýalar festiwalynyň çäklerinde geçiriler.


Türkmenistandan Kazan we Dubaý şäherlerine uçar gatnawlaryna petekleriň satuwyna başlandy.


Duşenbe güni geçirilen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Izabel Ginel bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ýurduň Ýewropa Bileleşigi bilen özara gatnaşyklary barada pikir alyşdy.


Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $13,5 million we 654,4 million manatlyk geleşikleriň 54-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


“Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasy, halkara howa gatnawlarynyň ýolagçylary üçin Türkmenistan bilen daşary ýurtlaryň arasynda uçuşlaryň täzeden başlamagyndan soň güýje girýän talaplary çap etdi.


Türkmenistanyň Ahal welaýatynda meşhur ahalteke bedewi Akhanyň hormatyna ýadygärlik bina ediler.


Şenbe güni, 21-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Beýik Britaniýanyň wekili Jet A-1 görnüşli awiakerosiniň 5 müň tonnasyny satyn aldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Şu gün Aşgabadyň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde wirtual dünýäde çagalaryň howpsuzlygy we jenaýatyň öňüni almak ýaly derwaýys temalara bagyşlanan “açyk sapak” görnüşli okuwlar geçirildi.


Anna güni, 20-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy $4,6 million we 540,2 million manat bolan geleşikleriň 35-si baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Туркменистан 2022-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Hytaýa tebigy gazyň eksport edilişini pul görnüşinde 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,53 esse artdyrdy diýip, HHR-niň Baş gümrük müdirligine salgylanmak bilen, TASS ýazýar.