

Türkmenistanyň SSE-siniň işi ISO halkara sertifikatyna eýe boldy
Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanylyp geçirilen serginiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ISO 9001:2015 (hil menejment ulgamy) halkara sertifikaty gowşuryldy.


Türkmen halysynyň baýramyna bagyşlanylyp geçirilen serginiň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna ISO 9001:2015 (hil menejment ulgamy) halkara sertifikaty gowşuryldy.


Türkmen döwlet teleradiokomiteti Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güniüne bagyşlanan multfilm şüweleňini geçirer.


Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesine Çaryguly Ataýew bellenip, ol Aşgabat şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.


Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti ýurduň ähli welaýatlarynda guruljak metjitler üçin haýyr-sahawat hasabyny açdy.


Zähmet kanunçylygynyň kadalary näme we olary berjaý etmek möhümmi? Zähmet howpsuzlygynyň düzgünlerini näme üçin oýlap tapdylar? Kompaniýalaryň durmuş, bilelikdäki we zähmet kadalaryny berjaý etmekleri eksporta neneňsi täsir edýär? 30-njy maýda geçirilen okuw maslahatynda şu we ençeme beýleki meselelere garaldy.


Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda umumy bahasy $90,9 million we 1.5 million manat bolan geleşikleriň 9-sy baglaşyldy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Nur Ýüpek modaly lybaslar brendi “Bahar-tomus 2022” atly zenanlaryň we çagalaryň täze biçüwdäki lybaslarynyň görkezilişini gurnady.


2022-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Banpo Hangaň seýilgähinde meşhur türkmen sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde milli aýdymlarynyň wideo şekilleri görkezildi.


Türkmen halysynyň baýramy Türkmenistanda yzygider 30 ýyl bäri her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar, däp boýunça, Aşgabatda geçirilýär.


Anna güni 27-nji maýda Türkmen Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda BAE-niň telekeçisi 250 müň tonna “B” derejeli karbamid satyn aldy, diýip ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


“Türkmenistan” awiakompaniýasy resmi saýtynda elektron poçtalaryň salgylaryny ýerleşdirdi. Şolaryň üsti bilen Russiýadan hem-de BAE-den Türkmenistana uçýan ugurlar boýunça petekleri öňünden satyn alyp bolar. Şeýle hem saýtda bu ýurtlardaky wekilhanalaryň anyk telefon belgileri ýerleşdirildi.


Maryda Türkmenistanyň Döwlet energetiki institutynda TOPH taslamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanan halkara maslahat geçirildi.


Duşenbe şäherinde geljek hepdede, 2-4-nji iýunda “Merkezi Aziýa ýurtlarynda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmegiň geljegi” atly sebit maslahaty geçiriler.


Maýadarlar Aşgabat gazna bazarynda umumy bahasy 50 079 537 manat bolan paýnamalaryň 1,2 milliondan gowragyny satyn aldylar diýilip, AGB-niň saýtynda habar berilýär.


Türkmenistan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň we “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň önümçilik kärhanalarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin Özbegistandan dökün we himiki önümleri satyn alar.