

ÝHHG Türkmenistanyň talyplary üçin syýasy aragatnaşyklar boýunça leksiýalar tapgyryny gurady
Bu guramanyň Aşgabatdaky edarasynyň metbugat üçin habaryna görä, Türkmenistanyň üç ýokary okuw mekdepleriniň ýetmişe golaý talyplary syýasy aragatnaşyklaryň maksatlary we wezipeleri, onuň modelleri we nusgawy nazaryýetleri bilen ÝHHG tarapyndan onlaýn görnüşde guralan dört günlük okuwyň barşynda tanyşdylar.



















