HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow we Mihail Mişustin türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

Ýanwar 21, 2023 | 15:09 |11222
Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, RF-nyň resmi saýty habar berýär.Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, RF-nyň resmi saýty habar berýär.
Çeşme: government.ru

Türkmenistana bolan iş saparynyň çäklerinde Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy – diýip, RF-nyň resmi saýty habar berýär.

Mähirli garşy alandyklary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, Mişustin RF-nyň Prezidenti Wladimir Putiniň we Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Russiýanyň hökümetiniň baştutany söwda-ykdysady, ulag ugurlaryndaky, energetika we senagat pudaklaryndaky, medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp geçdi.

«Russiýa Federasiýasynyň örän köp subýektleri Türkmenistan bilen işleşýärler. Biz, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Russiýa Federasiýasynyň 60 subýektiniň dostluk gatnaşyklarynyň – söwda, senagat, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň bardygyny hasapladyk» – diýip, Russiýanyň premýer-ministri aýtdy.

Şeýle hem RF-nyň premýer-ministri umumy taryhymyza bolan aýawly garaýşy üçin minnetdarlyk bildirdi, Türkmenistany we Russiýany Beýik Watançylyk urşy hakyndaky hakyda birleşdirýär diýip belledi.

«Frontçylaryň, tyldaky zähmet çekenleriň taýsyz edermenligi, bularyň hemmesi biziň umumy tagallamyzdy, men gahrymanlarça söweşen köp türkmenleriň bolandygyny bilýärin. Şu gün biz «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna baryp gördük we wepat bolanlary ýatladyk, hormat goýduk. Biziň taryhymyza şeýle aýawly garaýşyňyz üçin Size minnetdarlyk bildirmek isleýärin» – diýip, Mişustin aýtdy.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Azerbaýjan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

Azerbaýjan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge ylalaşdy

18:30 Oktýabr 15, 2026
Beauty Istanbul 2027: türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek halkara gözellik sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Beauty Istanbul 2027: türkmen telekeçileri Stambulda geçiriljek halkara gözellik sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

18:23 Oktýabr 15, 2026
Daşkentde häzirki zaman sungatynyň XI halkara biennalesi: esasy wakalar we geçiriljek meýdançalar

Daşkentde häzirki zaman sungatynyň XI halkara biennalesi: esasy wakalar we geçiriljek meýdançalar

18:19 Oktýabr 15, 2026