

Türkmenistan strategiki harytlaryň gümrük gözegçiligini kämilleşdirýär
Strategiki harytlaryň gümrük gözegçiliginiň döwrebap usullarynyň meseleleri BMG-niň neşeler we jenaýatçylyk baradaky Müdirliginiň sebitleýin Wekilhanasy tarapyndan türkmen hünärmenleri üçin guralan seminar maslahatynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy – diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň saýty habar berýär.



















