Habarlar

2024-nji ýyl türki dünýäde  “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýen şygar astynda geçer2024-nji ýyl türki dünýäde  “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýen şygar astynda geçer

2024-nji ýyl türki dünýäde “Magtymguly Pyragynyň ýyly” diýen şygar astynda geçer

2024-nji ýyl türkmen şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanar. Bu karar 2022-nji ýylda türki döwletleriň Halkara medeniýet guramasynyň (TÜRKSOÝ) medeni paýtagty Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edildi. Jemleýji beýannama türkmen tarapyndan Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow gol çekdi.

Borrell: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik taýdan ähmiýeti barha artýarBorrell: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik taýdan ähmiýeti barha artýar

Borrell: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň strategik taýdan ähmiýeti barha artýar

Merkezi Aziýa ýurtlary Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky baglanyşykdyr we strategik nukdaýnazardan olaryň ähmiýeti barha artýar. Bu ýurtlar daşary syýasatyny diwersifikasiýa edýärler we Ýewropa Bileleşigi (ÝB) olar bilen gatnaşyklary berkitmeli – diýip, Ýewropa diplomatiýasynyň başlygy Josep Borrell anna güni Germaniýanyň Mýunster şäherinde G7 daşary işler ministrleriniň duşuşygynda aýtdy.

Özbegistan 2022-nji ýylda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýüküň daşalyşyny iki esse artdyrdyÖzbegistan 2022-nji ýylda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýüküň daşalyşyny iki esse artdyrdy

Özbegistan 2022-nji ýylda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýüküň daşalyşyny iki esse artdyrdy

Özbegistan 2022-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystanyň we Türkmenistanyň portlaryndan ýük daşalyşyny 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden gowrak – 701 müň tonna çenli artdyrdy. Bu barada, Özbegistan Respublikasynyň ulag ministriniň orunbasary Jasurbek Çoriýewiň sözlerine salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Türkmenistanda pagta ýygymy tamamlanyp barýar we Hasyl baýramyny bellemäge taýýarlanylýarTürkmenistanda pagta ýygymy tamamlanyp barýar we Hasyl baýramyny bellemäge taýýarlanylýar

Türkmenistanda pagta ýygymy tamamlanyp barýar we Hasyl baýramyny bellemäge taýýarlanylýar

Duşenbe güni prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri hem-de obasenagat toplumy boýunça wise-premýer Annageldi Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda Türkmenistanda pagta ýygymy möwsüminiň we bugdaý ekişiniň tamamlaýjy tapgyrynyň barşy baradaky, ekerançylaryň häzirki günlerde alyp barýan beýleki işlerine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.