Habarlar

Tatarstanda türkmen talyplarynyň 6 müňden gowragy okaýarTatarstanda türkmen talyplarynyň 6 müňden gowragy okaýar

Tatarstanda türkmen talyplarynyň 6 müňden gowragy okaýar

Şeýle maglumatlar penşenbe güni Aşgabatda Tatarstan Respublikasynyň baştutany Rustam Minnihanowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda mälim edildi. Rustam Minnihanow Türkmenistan bilen Tatarstanyň bilim we gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygynyň geljeginiň ulydygyny belläp, ony döwlet derejesine çykarmagyň zerurdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyna gatnaşjak jemgyýetçiligiň welaýatlardaky wekilleri Aşgabada geldiler.

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek bellenildi. Maslahata ýurdumyzyň welaýatlaryndan gatnaşjak wekiller şu gün paýtagtymyz Aşgabada geldiler.

Antarktidada buzlaryň eremegini - yzyna gaýtaryp bolýandygyny anykladylarAntarktidada buzlaryň eremegini - yzyna gaýtaryp bolýandygyny anykladylar

Antarktidada buzlaryň eremegini - yzyna gaýtaryp bolýandygyny anykladylar

Kembrij, Edinburg we Waşington uniwersitetlerinden ylmy-barlagçylaryň topary buzlaryň eremeginiň diňe bir howanyň bütindünýä maýlamagyna bagly bolman, eýsem buzlara günbatardan öwüsýän şemallaryň agdyklyk etmegine hem baglydygyny ýüze çykardylar. Bu hem ereme ýagdaýyny yzyna gaýdyp bilýän hala getirýär – diýip, Nature Communications žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.