Russiýanyň Ylymlar Akademiýasy (RYA) häbelli üçýan obýektleri öwrenmek boýunça maksatnamany ýola goýdy: şaýatlaryň surat/wideo ugratmagy haýyş edilýär


RYA-nyň M.W.Keldyş adyndaky Amaly matematika instituty näbelli uçýan obýektleri (UFO) öwrenjek ylmy maksatnamany ýola goýdy – diýlip, institutyň duşenbe güni beren habarynda aýdylýar.
“Näbelli uçýan obýektleri öwrenmek boýunça ylmy maksatnama başlaýarys. Eger siz asmanda haýsydyr bir üýtgeşik zadyň ýa-da hadysanyň şaýady bolan bolsaňyz, eger haýsydyr zadyň ýa-da hadysanyň daşky görnüşi, şekili, hereketi size geň görünen bolsa, eger siz asmanda gyzykly hem düşnüksiz bir zady gören bolsaňyz, biziň elektron salgymyza surat/wideo materiallary ugradyň: ufo@keldysh.ru" - diýip, Amaly matematika instituty öz Telegram kanalynda ýazýar.
Şeýle hem, institutda obýektlere gabat gelnen, syn edilen ýeriň anyk salgysyny, wagtyny we ýagdaýyny görkezmegi haýyş edýärler. "Bilelikde anyklarys" – diýip alymlar sözüniň üstüni ýetirýär.
ORIENT news








