Habarlar

Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutulyş dabarasy geçirildiAhal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutulyş dabarasy geçirildi

Ahal welaýatynyň Baş metjidiniň düýbüni tutulyş dabarasy geçirildi

Metjidiň düýbüniň tutulyşyna Türkmenistanyň il sylagly hormatly ýaşulylary bilen birlikde, şu günler Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň prezidenti Rustam Minnihanow, musulman daşary ýurtlaryň Aşgabatda işleýän ilçileri, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem medeniýet ulgamynyň wekilleri – döredijilik işgärleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.