HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Nokia Aýy ýokary tizlikli 4G internet bilen gurşap alar

Mart 30, 2023 | 12:57 |14327
Bir wagtlar meşhur mobil telefon öndürijisi Nokia aýa 4G tehnologiýasyny çykarmaga taýýarlanýar. Ulgam 2023-nji ýylyň noýabr aýynda «SpaceX Falcon 9» raketasynda uçmagy meýilleşdirýän «Intuitive Machines IM-2»-yň missiýasy wagtynda ýaýbaňlanar.Bir wagtlar meşhur mobil telefon öndürijisi Nokia aýa 4G tehnologiýasyny çykarmaga taýýarlanýar. Ulgam 2023-nji ýylyň noýabr aýynda «SpaceX Falcon 9» raketasynda uçmagy meýilleşdirýän «Intuitive Machines IM-2»-yň missiýasy wagtynda ýaýbaňlanar.
Çeşme: cnbc.com

Bir wagtlar meşhur mobil telefon öndürijisi Nokia aýa 4G tehnologiýasyny çykarmaga taýýarlanýar. Ulgam 2023-nji ýylyň noýabr aýynda «SpaceX Falcon 9» raketasynda uçmagy meýilleşdirýän «Intuitive Machines IM-2»-yň missiýasy wagtynda ýaýbaňlanar.

Taslamanyň maksady, Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne ekipažy gondurmak bilen Artemis-iň geljekki missiýalary üçin zemin taýýarlamak. Nokia, kosmosyň agyr şertlerinde işlemek üçin ýörite döredilen 4G aragatnaşyk ulgamyny döretmek üçin «Lunar Outpost» we «Intuitive Machines» bilen hyzmatdaşlyk edýär. «Intuitive Machines» tarapyndan döredilen «Nova-C» Aýa gonuş moduly Aýyň günorta böleginde ýerleşýän Şeklton kraterine enjamlary we beýleki peýdaly zatlary eltip berer. Bu «synag-sürüjisi» ekipažly Artemis-iň geljekki missiýalary üçin möhüm bölegi bolup biler. Sebäbi NASA 2025-nji ýylda Aýyň üstünde iki kosmonawt gondurmagy meýilleşdirýär.

Nokia 2020-nji ýylda NASA-dan 14,1 million dollar möçberinde serişde aldy. Kompaniýa gonuş modulynyň ýakyn we uzak aralyk aragatnaşyk mümkinçiliklerini birnäçe ýüz metrden iki-üç kilometre çenli dürli aralyklarda barlamagy meýilleşdirýär. Nokia-nyň inženerleri, bu toruň geljekde Aýda-da, Marsda-da adamyň barlygyny saklamakda möhüm orun tutjakdygyna ynanýarlar.

Astronawtlar Artemis 3 missiýasy wagtynda ses we wideo aragatnaşygyny, telemetriki we biometriki maglumaty, sensorly goşundylary alyş-çalyşy we robot tehnikasyny dolandyrmagyň mümkinçiliklerini güçlendirmek üçin 4G internet ulanyp bilerler. Belki, öýjükli ulgamyň ýokary tizligi, Ýer bilen telefon gepleşiklerindäki gijikdirmeleri azaldar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026
«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

«Ýedinaýa Rossiýa» Döwlet Dumasyna saýlawlarda 95% býulleten sanalandan soň 57,83% ses bilen öňde barýar

23:00 Sentýabr 22, 2026