HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň wezipeli şahslary Türkmenistanyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekdäki tagallalaryna ýokary baha berdiler

Mart 30, 2023 | 16:33 |5578
Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň ýokary wezipeli şahslary bilen duşuşyklary geçirdi – diýip,  Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň ýokary wezipeli şahslary bilen duşuşyklary geçirdi – diýip,  Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Nýu-Ýorka saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň ýokary wezipeli şahslary bilen duşuşyklary geçirdi – diýip, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň saýty habar berýär.

Hususan-da, Baş sekretaryň Ýewropa, Merkezi Aziýa we Amerika boýunça kömekçisi, Baş sekretaryň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekiliniň wezipeleriniýerine ýetirýän Miroslaw Ýençe, şeýle hem Baş sekretaryň kömekçisi, Terrorçylyga garşy ýerine ýetirji müdiriýetiň ýerine ýetiriji direktory Natalýa German bilen gepleşikler boldy.

Должностные лица ООН высоко оценили усилия Туркменистана по обеспечению мира и безопасности

Miroslaw Ýença (çepde) we Natalýa German (sagda). Surat: un.mission.gov.tm

German Türkmenistanyň parahatçylyga we howpsuzlyga ygrarlydygyna, şeýle hem BMG-niň terrorçylyga garşy göreşmek bölümçeleri bilen ýurduň işjeň özara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Öz gezeginde, Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň mundan beýläk hem wajyp transmilli meselleleri çözmekde BMG bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny bildirdi.

Sebitdäki durnuklylygy öňe sürmekdäki Türkmenistanyň tagallalary we liderligi Miroslaw Ýençe bilen bolan duşuşykda hem bellenip geçildi. Hususan-da, BMG-niň ýokary wezipeli wekili ýurt tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejedäki ara alyp maslahatlaşmalaryny, şeýle hem Merkezi Aziýanyň Ýaşlar dialogyny gurandygyny nygtady.

Taraplar şeýle hem Merkezi Aziýada parahatçylygy we howpsuzlygy, şeýle hem sebitde öňüni alyş diplomatiýasynyň mehanizmlerini pugtalandyrmak işinde Türkmenistan bilen MAÖDSM-iň arasynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gapma-garşylyk sebäpli Ormuz we Bab-el-Mandeb bogazlarynda deňiz gatnawy düýpli azaldy

22:00 Awgust 19, 2026
Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

Günorta Afrika Respubliasynda Günorta afrika ösüş jemgyýetiniň döwlet baştutanlarynyň 46-njy sammiti açyldy — esasy tema sebit integrasiýasy boldy

21:00 Awgust 19, 2026
Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

Ispaniýalylar ýangyndan haýwanlary halas edip, olara umyt berýärler

20:00 Awgust 19, 2026