Habarlar

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdyTürkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň ýyllyk mejlisinde Türkmenistana Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldymyradow wekilçilik etdi. Bu çäre adatça Halkara ykdysady forumy bilen bir wagtda geçirilýär. Bu ýyl işewür we hökümet wekilleri 97-nji gezek Moskwa ýygnandylar. Forum 17-nji martda Gyrgyzystanyň ýolbaşçylyk etmeginde Halkara söwda merkezinde geçirildi, – diýip GDA-nyň internet portaly habar berýär.