Habarlar

Türkmen mugallymlary şäher tehnologiýalary boýunça Neapoldaky tejribe işine gatnaşýarlarTürkmen mugallymlary şäher tehnologiýalary boýunça Neapoldaky tejribe işine gatnaşýarlar

Türkmen mugallymlary şäher tehnologiýalary boýunça Neapoldaky tejribe işine gatnaşýarlar

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, şäheri howanyň üýtgemegine uýgunlaşdyrmak we şäher ilatly ýerleriniň häzirki zaman yklym meseleleriniň fonunda ykdysady, sosial we daşky gurşaw taýdan gowşaklygyny azaltmak mowzugy bilen Neapolitanyň Federiko II uniwersitetiniň raýat, gurluşyk we daşky gurşaw inženerligi kafedrasynda iki hepdelik tejribe gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde saýlawçylaryň işjeň gatnaşygy hasaba alyndyTürkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde saýlawçylaryň işjeň gatnaşygy hasaba alyndy

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde saýlawçylaryň işjeň gatnaşygy hasaba alyndy

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ýanyndaky saýlaw uçastoklarynyň 42-sinde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary dynç güni, ýurdumyzyň çäginde bolşy ýaly, saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirildi.

Rus dili Russiýada migrantlar üçin salgytlary “azaldar”Rus dili Russiýada migrantlar üçin salgytlary “azaldar”

Rus dili Russiýada migrantlar üçin salgytlary “azaldar”

Russiýanyň Içeri işler ministrligi rus dilini biliş derejesine baglylykda, migrantlar üçin fiziki şahslaryň girdeji salgydynyň (FŞGS) tölegini azaltmagy teklip etdi. Döwlet Dumasynda IIM-iň Migrasiýa meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümiň ýolbaşçysy Walentina Kazakowa tarapyndan hödürlenen maglumatlarynda “salgydyň möçberini "beýik we kuwwatly" rus dilini biliş derejesine baglylykda, 10%-den 50%-e çenli azaltmak mümkin” diýilýär – diýip, TASS habar berýär.