

Türkmenistanda parlament saýlawlarynyň öňünden «ümsümlik güni» başlandy
Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy.


Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda «ümsümlik güni» başlandy.


100 orunlyk täze ýokanç keseller klinikasy Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde peýda bolar. Munuň üçin zerur bolan serişdeleri satyn almak barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň tender-bäsleşigini yglan etmek hakyndaky bildirişi «Türkmenistan» gazetinde çap edildi.


Mukaddes Oraza aýy mynasybetli Elektronika dünýäsi we «Berkarar» SDAM-däki Samsung dükanlary köne kir ýuwujy maşynlary gaýtadan işlemek boýunça aksiýany 20-nji aprele çenli uzaltdylar.


Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdeniň Nowruz baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ugradan gutlag hatynda: “Medeni hyzmatdaşlyk amerikan-türkmen gatnaşyklarynyň özenidir we biz Siziň ýurduňyzyň baý medeni mirasyna uly hormat goýýarys” – diýilýär.


Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew tarapyndan anna güni geçirilen gepleşiklerde Mejlisiň deputatlaryny we ýerli wekilçilikli edaralaryň agzalaryny saýlamaga taýýarlyk, GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


Anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öňde boljak Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlarynda GDA-nyň synçylar toparyna ýolbaşçylyk edýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewi kabul etdi.


22-24-nji martda BMG-nyň Nýu-Yorkdaky ştab-kwartirasynda "Durnukly ösüş üçin suw" (2018-2028) Halkara hereket onýyllygynyň maksatlarynyň ýerine ýetirilişine giňişleýin syn bermek boýunça maslahat geçirildi.


Türkmenistan 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa we XVII Tomusky Paralimpiýa Oýunlary üçin Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ylmy taýdan taýýarlyk okuwyny geçirer.


Ýaş we zehinli türkmen gözlegçileri, şeýle hem dürli ugurlar boýunça hünärmenler, innowasiýa ideýalaryny we taslamalaryny 2023-nji ýylyň 6-njy maýynda ýurtda ilkinji gezek geçiriljek «Falling Walls Lab Turkmenistan» atly halkara barlaghana bäsleşiginde hödürlemäge çagyrylýar.


Anna güni Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen «Gazprom» JPJ –niň Geňeşiniň Başlygy Alekseý Milleriň arasynda geçirlen iş duşuşygynda energiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.


Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) Gazagystanyň nebitiniň Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen üstaşyr daşalyşyny ýola goýdy – diýip, kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär.


Şäher gurluşyk we şäherleşme işini kämilleşdirme pudagynda iki ýurduň häkimlikleriniň arasynda aragatnaşygy sazlamak, Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhametniýaz Maşalow bilen Kuala-Lumpur şäheriniň häkimi Mahadi Çe Ngahyň duşuşygyň esasy mowzugy boldy.


Kibersportyň «Geljegiň oýunlaryny» geçirmek üçin tehnologiki platforma, halkara derejesindäki ýaryşlarda ulanmak umydy bilen işlenip düzülýär, - diýip anna güni «Geljegiň oýunlary» taslamasynyň ýolbaşçysy Igor Stolýarowa salgylanyp, TASS habar berdi.


GDA ýurtlarynyň taryhy ýadygärlikleri we medeni we syýahatçylyk ýerleri «Arkalaşygyň gymmatly monjugy» atly taslamasyna goşular. Penşenbe güni Minskde Arkalaşygyň ýurtlarynyň we GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň wekillerini öz içine alýan halkara maksatnamany taýýarlamak boýunça iş toparynyň hünärmenleri, bu taglymaty durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Belarussiýanyň BELTA agentligi habar berýär.


Penşenbe güni, 23-nji martda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy $1,3 mln amerikan dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.