HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TSTB ýaş işewürleriň arasynda «Mahabat-üstünligiň açarydyr» festiwalyny geçirýär

Aprel 29, 2023 | 09:59 |7363
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýaş işewürleriň arasynda   «Mahabat- üstünligiň açarydyr» atly festiwaly geçirer.Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýaş işewürleriň arasynda   «Mahabat- üstünligiň açarydyr» atly festiwaly geçirer.
Çeşme: redaksiýanyň arhiwinden

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy bilen bilelikde ýaş işewürleriň arasynda «Mahabat- üstünligiň açarydyr» atly festiwaly geçirer.

Festiwalyň esasy maksady — ýaş telekeçileri jemgyýetçilik durmuşyna çekmek we Türkmenistanyň mahabat biznesinde iň gowy startaplary kesgitlemek – diýip, ýurduň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Bäsleşigiň esasy şertleri — jemgyýetiň bähbidine jogap berýän ýokary hilli mahabat roligini ýa-da başga bir mahabat önümini ýazmak, onuň bilen KHBS-niň wekillerini, türkmen MT pudagynyň hünärmenlerini çekmekdir.

Festiwalyň çäklerinde şu aşakdaky ugurlar boýunça ýeňijiler yglan ediler:

— telewizion mahabat;
— radio mahabat;
— çap edilýän mahabat;
— alternatiw mahabat;
— internet-mahabat;
— mahabat surat.

Her bir ugur boýunça işler iki derejede hödürleniler – jemgyýetçilik mahabaty we harytlary öndürmek we hyzmatlary etmek boýunça mahabat.

Festiwala gatnaşmak üçin 2023-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli ýüz tutmany doldurmaly, şeýle hem döwlet tarapyndan hasaba alnandygy baradaky şahadatnamany, hukuk resminamalaryny tabşyrmaly, fiziki şahslar üçin pasport gerekdir. Hödürlenýän işler türkmen dilinde bolmalydyr.

Goşmaça maglumaty şu ýerden bilip bolýar.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

Türkmenistan halkara Kids Expo Chess Cup 2026 ýaryşynda 24 medal gazandy

23:39 Awgust 22, 2026
Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

Türkmenistan we PETRONAS talyplar üçin maksatnamalary giňeldýärler

23:38 Awgust 22, 2026
Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

Hindistanyň arassa energiýasy ilkinji gezek gazyp alynýan ýangyçlardan öňe geçdi

23:35 Awgust 22, 2026