

Türkmenistanyň Moldowadaky Ilçisi ýurduň Prezidenti we Daşary işler ministri bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Moldowadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Ataew anna güni Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Maýa Sanduna ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-moldowa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we iki ýurduň syýasy gepleşikleri yzygiderli berkitmäge we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan gyzyklanmalaryna ünsi çekdiler – diýip, Moldova news Noi.md habarlar portaly habar berýär.



















