

FIFA-nyň sebitleýin wekili Türkmenistana geler
FIFA-nyň sebitleýin tehniki utgaşdyryjysy Gaýoz Darsadze (Gruziýa) 17-19-njy maýda iş sapary bilen Türkmenistana geler.


FIFA-nyň sebitleýin tehniki utgaşdyryjysy Gaýoz Darsadze (Gruziýa) 17-19-njy maýda iş sapary bilen Türkmenistana geler.


Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U-20) Merkezi-Aziýa futbol birleşmesiniň çempionatyna (CAFA) gatnaşar – diýip, subfederasiýanyň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanly türgenler 20-nji maýdan 25-nji maý aralygynda Özbegistanyň Jyzak şäherinde geçiriljek guşakly göreş boýunça Aziýanyň Çempionatyna gatnaşarlar.


Türkmen bilýardçylary 15-nji maýdan 20-nji maý aralygynda Russiýanyň paýtagtynda geçiriljek Moskwanyň häkiminiň kubogyna gatnaşar. Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde ORIENT-iň habarçysyna berlen habara görä, türkmen wekiliýetiniň düzümini 13 sportçy bilen birlikde 17 adamdan ybarat.


Eýran hünärmeni Reza Ýazdani Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndysynyň baş tälimçisi edilip bellenildi.


Türkmen agyr atletikaçysy Enemjan Rustamowa Çindžouda (Koreýa Respublikasy) geçýän Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy.


Aýrylandan 12 ýyl geçenden soňra äpet olimpiýa halkalary häzirki zaman ilkinji Olimpiýa oýunlary geçen Afinydaky «Panatinaikos» stadionyna gaýdyp geldiler. Olar ýene-de sport toplumynyň esasy girelgesiniň aňrybaşdaky çetinde oturdyldy.


Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy Balkanabatda breýking, bouldering (daga çykmagyň bir görnüşi) we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça sport festiwalyny gurady.


Aziýanyň Agyr atletika federasiýasy Hytaýyň ZKC enjam öndürijisi bilen hyzmatdaşlyk ylalaşygyny baglaşdy. Federasiýanyň taryhynda iň uly täjirçilik geleşigi Aziýada agyr atletika medeniýetini üýtgetmek üçin bilelikdäki iş meýilnamasynyň çäklerinde türgenleri goldamak üçin 500 000 dollar hemaýatkärlik goldawyny öz içine alýar.


Türkmen ştangaçysy Medine Ataýewa Çindžuda (Koreýa Respublikasy) dowam edýän Aziýanyň çempionaty-2023-iň üçünji gününde kümüş medal gazandy.


Türkmen ştangaçysy Bunýad Raşidow Çinju şäherinde (Günorta Koreýa) geçirilýän Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy.


Türkmen türgenleri 7-nji maýdan 14-nji maýa çenli Dohada (Katarda) geçjek dzýudo boýunça dünýä çempionatyna gatnaşarlar.


Türkmen türgenleri Hançžouda (Hytaý) geçen kuraş boýunça Aziýanyň çempionatynda sekiz medal – bir kümüş we ýedi bürünç medal gazandylar. Bu barada ORIENT-e Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinde habar berdiler.


Dürli derejelerdäki 22 medaly Türkmenistanyň türgenleri Ýerewanda geçen «Araratyň Kubogy-2023» atly däp bolup gelýän karate boýunça halkara ýaryşynda gazandylar.


Üç türkmen boksçysy Daşkentde geçýän dünýä çempionatynda ilkinji ýeňişlerini gazandylar, şeýlelik bilen olar ýaryşyň indiki tapgyrynda çykyş etmäge mümkinçilik aldylar.