

Türkmen türgenleriniň GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda haýsy görnüşlerde çykyş etjekdikleri belli boldy
Türkmen türgenleri 4-nji awgustdan 14-nji awgusta çenli boljak GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda birbada dokuz görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler.


Türkmen türgenleri 4-nji awgustdan 14-nji awgusta çenli boljak GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda birbada dokuz görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler.


Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysynyň 10-njy iýundan 20-nji iýuna çenli Daşkentde (Özbegistan) we Bişkekde (Gyrgyzystan) geçjek CAFA Nations Cup 2023 toparlaýyn tapgyrynyň çäklerindäki oýunlarynyň rejenamasy mälim boldy.


Ýewropa Birleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy biziň ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan sport çäreleriniň birnäçesini geçirer.


Özbegistanyň Jizak şäherinde Göreşiň birleşen dünýäsiniň birleşiginiň (UWW) howandarlygynda guşakly göreş boýunça Aziýanyň çempionaty geçýär. Bu barada Özbegistanyň Milli maglumatlar agentligi habar berýär.


Türkmen kikboksçylary Türkiýede tamamlanan dünýä Kubogynda dokuz medal — bir altyn, iki kümüş we alty bürünç medal gazandylar.


Maryda ýetginjekleriň we gyzlaryň arasyndaky agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty başlandy, ol ýurduň ähli welaýatlaryndan 150-ä golaý türgeni ýygnady.


Türkmen dzýudoçylary 25-nji maýdan 27-nji maý aralygynda Lensede geçjek Awstriýanyň Gran-prisine gatnaşarlar.


Aşgabat 12 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda sebitleýin tennis ýaryşyny kabul eder. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň toparlarynyň gatnaşmagynda ýaryşlar 5-9-njy iýunda paýtagtyň Olimpiýa şäherçesiniň ýöriteleşdirilen toplumynda geçiriler.


Täjigistanda 20 ýaşa çenli bolan ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesiniň çempionatynyň (CAFA) birinji tapgyry geçdi.


FIFA 2026-njy ýylda boljak futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi logotip nyşanyny hödürledi, ony Kanada, Meksika we Amerikanyň Birleşen Ştatlary kabul eder.


Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň prezidenti Wepa Mälikgulyýew 17-nji maýda çarşenbe güni Russiýanyň Küşt federasiýasynyň (RKF) prezidenti Andreý Filatow we RKF-niň ýerine ýetiriji direktory Aleksandr Tkaçýow bilen duşuşdy.


46-njy halkara küşt Olimpiadasy 2026-njy ýylda Samarkantda geçiriler. Çäräni geçirmek üçin ABŞ-nyň dört million dollaryndan gowrak bölünip berler. Degişli karara respublikanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi – diýip, UzA habar berýär.


Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysynyň (U-20) 21-nji maýdan 28-nji maýa çenli Duşenbede we Tursunzadede (Täjigistan) geçiriljek Merkezi Aziýanyň Futbol birleşmesinde dördünji çempionatyndaky bäsdeşleri belli boldy.


Türkmenistanyň talyplarynyň ýygyndysy Geýdar Aliýewiň 100 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan halkara basketbol ýaryşynyň bürünç medalyny gazandy.


Türkmen kikboksýorlary 18-nji maýdan 21-nji maý aralygynda Stambulda (Türkiýede) geçjek dünýä Kubogynda çykyş ederler. Ýaryşyň guramaçysy bolup Kikboksing guramalarynyň bütindünýä birleşmesi (WAKO) çykyş edýär.