Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Agyr atletika boýunça dünýä Çempionaty Bahreýnde geçiriler

Iýun 12, 2023 | 09:58 |7125
Bahreýn Patyşalygy 2024-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä Çempionatyny geçirmäge hukuk aldy. Bahreýn bilen birlikde, Ermenistan we Albaniýa Çempionaty geçirmäge dalaşgär ýurtlar hökmünde çykyş edipdiler.Bahreýn Patyşalygy 2024-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä Çempionatyny geçirmäge hukuk aldy. Bahreýn bilen birlikde, Ermenistan we Albaniýa Çempionaty geçirmäge dalaşgär ýurtlar hökmünde çykyş edipdiler.
Çeşme: catherineasquithgallery.com

Bahreýn Patyşalygy 2024-nji ýylda agyr atletika boýunça dünýä Çempionatyny geçirmäge hukuk aldy. Bahreýn bilen birlikde, Ermenistan we Albaniýa Çempionaty geçirmäge dalaşgär ýurtlar hökmünde çykyş edipdiler.

Bildirilen bu ynam üçin ýurduň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti, Aziýa Agyr atletika federasiýasynyň iň ýaş agzasy Eshak Ebrahim Eshak Halkara Agyr atletika federasiýanyň ýolbaşçylaryna hoşallygyny bildirdi we ýatdan çykmajak oýunlaryň guraljakdygyna ynandyrdy.

Çempionaty geljek ýylyň noýabr – dekabr aýlarynda, Pariž şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan birnäçe aý soň, Bahreýniň paýtagty Manama şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Halkara Agyr atletika federasiýasy geçen ýyl Bahreýnde geçirilen Agyr atletika boýunça Aziýa birinjiliginiň geçirilişine ýokary baha berdi.

Şonda Halkara Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Mohamed Jalud Al-Şammari ýurduň şu sport görnüşi boýunça dünýä Çempionatyny geçirmäge ähli mümkinçliginiň bardygyny belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026