HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Göreş boýunça halkara assosiasiýasynyň wekiliýeti Türkmenistanyň dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk derejesine baha berdi

Awgust 10, 2023 | 18:30 |6099
Aşgabatda IKA (Göreş boýunça halkara assosiasiýasy) wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport boýunça Döwlet komitetiniň wekilleriniň arasynda geçiriljek guşak göreşi boýunça dünýä çempionatyna taýýarlykga bagyşlanan duşuşyk geçirildi.Aşgabatda IKA (Göreş boýunça halkara assosiasiýasy) wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport boýunça Döwlet komitetiniň wekilleriniň arasynda geçiriljek guşak göreşi boýunça dünýä çempionatyna taýýarlykga bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Çeşme: IKA

Aşgabatda IKA (Göreş boýunça halkara assosiasiýasy) wekiliýeti bilen Türkmenistanyň Bedenterbiýe we Sport boýunça Döwlet komitetiniň wekilleriniň arasynda geçiriljek guşak göreşi boýunça dünýä çempionatyna taýýarlykga bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Saparyň dowamynda Göreş boýunça halkara assosiasiýasynyň Baş sekretary we tehniki direktory Mohammad Reza Nassiri Nejatdan (Eýran), IKA eminler komitetiniň başlygy Rawi Kapur (Hindistan) we Göreş boýunça halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Mansur Mirzaýewden (Özbegistan) ybarat IKA wekiliýeti a dünýä çempionatynyň geçiriljek sungat toplumynyň ýerleşýän Olimpiýa şäherçesine baryp gördi we geçirilişiniň şertleri bilen tanyşdy.

Duşuşykda guramaçylyk işleri hödürlendi we çempionaty geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem dünýä derejesindäki ýaryşa taýýarlyk görmek üçin indiki ädimler kesgitlenildi. Duşuşyga gatnaşanlaryň hemmesi hoşaldygyny bildirdiler we ýaryşyň üstünlikli geçiriljekdigine umyt baglaýandyklaryny aýtdylar.

Mundan başga-da, IKA wekilleri häzirki zaman tehniki taýdan enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesiniň dünýä çempionatyny ýokary derejede kabul edip biljekdigini bellediler.

ORIENT-iň ozal habar berşi ýaly 2023-nji ýylyň 23-28-nji noýabrynda Aşgabatda göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Degişli karara Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama, bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komitetine Göreş boýunça halkara assosiasiýasy bilen çempionaty geçirmek baradaky düzgünnamany işläp düzmegi we tassyklamagy tabşyrýar.

Bäsleşikler türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungatlary toplumynyň esasynda geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

Özbegistan syýahatçylyk üçin iň howpsuz ýurtlaryň hataryna girdi

17:52 Awgust 04, 2026
Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

Dilçiler dünýäde iň owadan sözi kesgitlediler: ol nämäni aňladýar

17:49 Awgust 04, 2026
Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

Azerbaýjanda «Medeniýetleriň çatrygy» atly ilkinji halkara sungat sergisi açyldy

17:41 Awgust 04, 2026