

Türkmen gimnastlary Özbegistandaky halkara ýaryşda 20 medal gazandylar
24-28-nji awgust aralygynda Daşkentde (Özbegistan) geçirilen EAST CUP & OLYMPIC STARS döredijilik gimnastikasy boýunça halkara ýaryşda türkmen türgenleri 12 altyn, 7 kümüş we 1 bürünç —20 medal gazandylar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport barada döwlet komitetinde habar berdiler.





















