HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ronaldu, Neýmar we Benzema: dünýäniň futbol ýyldyzlarynyň haýsysy Türkmenistana gelip biler?!

Awgust 24, 2023 | 11:10 |12214
Dünýäniň esasy futbol ýyldyzlarynyň Ýewropadan Aziýa, hususan-da, Saud Arabystanyna geçmegi Ýewropa futbol ligalaryna gyzyklanmalary peseltse-de, bu ýagdaý Aziýa sebitinde futbolyň ösmegine ýardam etdi.Dünýäniň esasy futbol ýyldyzlarynyň Ýewropadan Aziýa, hususan-da, Saud Arabystanyna geçmegi Ýewropa futbol ligalaryna gyzyklanmalary peseltse-de, bu ýagdaý Aziýa sebitinde futbolyň ösmegine ýardam etdi.
Çeşme: Getty Images

Dünýäniň esasy futbol ýyldyzlarynyň Ýewropadan Aziýa, hususan-da, Saud Arabystanyna geçmegi Ýewropa futbol ligalaryna gyzyklanmalary peseltse-de, bu ýagdaý Aziýa sebitinde futbolyň ösmegine ýardam etdi.

Millionlarça janköýerleriň ünsüni çekýän futbol, ýakyn wagtda türkmen jankoýerlerini hem arzyly pursada şaýat bolmaga itermegi mümkin. Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň häzirki çempiony "Ahal" topary Aziýa materiginiň iň iri futbol guramasy bolan Aziýa futbol klubynda saýlandy. Bu ýokary görkezijä Ronaldu, Sadio Mane ýaly meşhur ýyldyzlaryň oýnaýan Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" topary hem ýetip bilen däldir.

24-nji awgustda Malaýziýada bolan bije çekişlikde, Aziýa futbol klubynyň düzüminde çykyş edýän "Ahal" toparynyň garşydaşlary mälim bolýar. Ondan öň, geliň, türkmen futbol toparynyň bolup biläýjek esasy garşydaş toparlaryna syn bereliň.

Türkmenistanyň çempion topary Yragyň "Al-Şorta", Iordaniýanyň "Al-Faýsal", Täjigistanyň "Istiklol" we Hindistanyň "Mumbaý Siti" toparlary bilen bir bije sebedine düşdi. Toparlaýyn bäsleşikde ýurdumyzyň futbol ýygyndysy bu toparlaryň hiç haýsy bilen duşuşyk geçirmejekdigini aýtsa bolar.

Birinji bije sebedinde Saud Arabystanyň "Al-Ittihad", Eýranyň "Persepolis", Kataryň "Al-Sadd", Özbegistanyň "Pahtakor" we Saud Arabystanynyň "Al-Hilal" toparlary bar. Bu sebetdäki Saud Arabystanynyň iki futbol ýygyndysy dünýäniň birnäçe futbol ýyldyzlaryny öz düzümine goşdy.

Aziýa futbol klublarynyň Çempionlar ligasynyň 2 gezek çempiony "Al-Ittihadyň" düzüminde "Real Madridiň" ozalky oýunçysy Karim Benzema we Londonyň "Çelsisiniň" ozalky oýunçysy Ngolo Kante çykyş edýär.

Saud Arabystanynyň beýleki futbol topary "Al-Hilal" ýakynda öz düzümine braziliýaly ýyldyz oýunçy Neýmary goşdy. Braziliýaly oýunçy heniz täze toparda tapawutlanmadyk bolsa-da, ol dürli baýraklara mynasyp bolmagy başardy. Er-Riýadyň futbol toparynyň düzüminde şeýle hem, Ýewropa çempionatlarynda tapawutlanan maliýli Mussa Marega, senegally Kalidu Kulibali çykyş edýär.

Degişli bije sebedindäki beýleki toparlar hem öz içerki çempionatlarynda birnäçe gezek birinjiligi elden bermedik toparlardyr. "Ahal" toparyna garşydaş bolup biläýjek toparlaryň arasynda Eýranyň Pro-ligasynyň 15 gezek ýeňijisi "Persepolisi", Kataryň Ýyldyzlar ligasynyň 16 gezek ýeňijisi "Al-Saddy" we Özbegistanyň 15 gezek çempiony "Pahtakory" bar.

Ikinji bije sebedinde beýlekilere garanda ýyldyz toparlar bolmasa-da, bu sanawdaky futbol ýygyndylaryň geljegine uly umyt baglasa bolýar. Onda Eýranyň "Sepahany" we "Nassaji Mazandarany", Kataryň "Al-Duhaýly", Özbegistanyň "Nasafy" we Saud Arabystanyň "Al-Feýhasy" orun alypdyr.

3-nji sebetdäki toparlaryň atlary ýakynda - 22-nji awgustda belli boldy. Pleý-off duşuşyklarynyň nobatdaky aýlawynda Birleşen Arap Emirlikleriniň "Al-Aýny" we "Şarjasy", Özbegistanyň "AGMK-sy" we "Nawbahory" hem-de Saud Arabystanynyň "Al-Nasry" saýlandy. "Al-Nasr" ýygyndysynyň düzüminde Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýändigini bellemelidiris.

Bije çekişligiň netijesine görä, her toparda 4 ýygyndy çykyş edýän 10 topar emele getiriler. Jemi 6 aýlawdan ybarat boljak oýunlar 18-nji sentýabrda badalga alýar. Ähli ýygyndylar öz ýerlerinde we myhmançylykda 3 oýny geçirerler.

Türkmenistanyň bu toparlaryň haýsysy bilen duşuşyklary geçirjekdigi ýakyn wagtda mälim bolar. Belki "Ahal" toparynyň futbolçylary Ronaldu, Neýmar, Benzema ýaly dünýäniň futbol ýyldyzlary bilen bir meýdançada duşuşarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026