

DIM-niň halkara gatnaşyklar instituty açyk gapylar gününe çagyrýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bu ýokary okuw mekdebine girmäge gyzyklanma bildirýänleri açyk gapylar gününe çagyrýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty bu ýokary okuw mekdebine girmäge gyzyklanma bildirýänleri açyk gapylar gününe çagyrýar.


BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri üçin aralykdan okamagyň esaslary boýunça täze usulyýet gollanmasynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi.


«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň Çapar goşundysynda bank kartlarynyň kömegi bilen we öýjükli telefonyň balansyndan Belet film onlaýn kinoteatryna ýazylyşygy tölemek funksiýasy elýeterliboldy.


1-nji aprelde başlanan «Hazar — dostluk deňzi» atly motosiklli ýörişiň gatnaşyjylaryny Türkmenistan garşy aldy – diýip, «Astrahan 24» habar berýär. Olar ýangyç guýulýan beketlerde gysga wagtlyk durup, iki müň kilometre golaý ýoly geçdiler.


Belarus alymlary onkologiýany bejermekde üstünlik gazandylar - onkologiýa garşy göreşmegiň täsirli usuly hökmünde öýjükli immunoterapiýany işjeň ulanýarlar, - diýip MIR24 teleýaýlymynyň Belarus býurosy habar berýär.


Ýedi günlük eko-lager 10-njy aprelde Amerikan merkezi tarapyndan Aşgabatda gurnalar. Ýaşlar maksatnamasy 8-11-nji synp okuwçylaryny, ýagny 14-18 ýaş aralygyndaky çagalary deň-duşlary bilen gyzykly we öwrenijilikli wagt geçirmäge çagyrýar.


Forbes žurnalynyň wersiýasy boýunça, Louis Vuitton и Dior brendleriniň eýesi Bernar Arno dünýäniň iň baý adamy diýlip ykrar edildi. Telekeçi СЕО Tesla, SpaceX we Twitter-iň lideri Ilon Masky ikinji setire süýşürip, şu ýylky sanawda birinji orny eýeledi. Reýtingiň başy ilkinji gezek fransiýaly raýatyň ady bilen başlanýar.


Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygy özüniň Instagramdaky hasabynda Ene dilim atly täze rubrika badalga berdi. Onda türkmen diliniň dürli sözlerine seredip geçmekligi meýilleşdirýärler. Bölümde grammatikany öwrenmäge we gündelik sözleýişden parazit sözleri ýok etmäge aýratyn üns berler.


Türkmenistan Aziýanyň iň täsirli ýurtlarynyň reýtinginde 13-nji setire galdy, şeýle hem umumy reýtingde 25 orun öňe böküp, dünýäde 88-nji orny eýeledi – diýip, TurkicWorld habar berýär.


Türkmen talyplary Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty tarapyndan gurnalan teoretiki mehanika boýunça II Açyk halkara talyplar olimpiadasynda 45 medal gazandylar.


Özbegistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Özbegistanyň «Özbegistan Respublikasynyň Konstitusiýasy hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça 30-njy aprelde boljak referendumda ses bermek üçin Aşgabatda saýlaw uçastogyny açdy. Bu baradaky bildirişi «Neýtralnyý Turkmenistan»gazeti 4-nji aprelde çap etdi.


D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan 9-11-nji synp mekdep okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinden birinji olimpiada geçirildi, oňa 2282 okuwçy gatnaşdy.


Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory Pygy Baýramdurdyýew daşary ýurtly atşynaslaryň bu ýokary okuw mekdebi, şeýle hem atçylyk boýunça Ylmy-önümçilik merkezi we Görogly adyndaky Döwlet atly sirki bilen hyzmatdaşlygy ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini habar berdi.


ORIENT şu hepde, 3-nji aprelden 9-njy aprel aralygynda Aşgabatda geçiriljek medeni çäreleiň tertibi bilen tanyşdyrýar.


Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy öz işini mundan beýläk-de giňelder. Hususan-da, bu gaznanyň işini halkara derejesine çykarmak hem-de derman serişdelerini we çaga iýmitini öndürýän önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek bilen baglydyr.