Habarlar

Gyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýelediGyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýeledi

Gyrgyzystanda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sany boýunça Türkmenistan öňdäki orny eýeledi

2022 – 2023-nji okuw ýylynyň maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanyň ýokary okuw mekdeplerinde dürli hünär ugurlary boýunça türkmenistanly ýaşlaryň 64-si bilim alýar. Bu görkeziji bilen Türkmenistan Gyrgyzystanda bilim alýan daşary ýurtly raýatlaryň sany boýunça ilkinji onluga girdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, 24.kg internet neşiri mälim edýär.

Russiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrarRussiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrar

Russiýanyň mugallymçylyk ýokary okuw mekdepleri býujet esasynda okaýan daşary ýurtly talyplaryň sanyny artdyrar

Russiýanyň Bilim ministrligi mugallymçylyk ugruna ýöriteleşen ýokary okuw mekdeplerine öňümizdäki okuw ýylyndan “Rus dili daşary ýurt dili hökmünde” ugry boýunça býujet esasynda okajak daşary ýurtlardan kabul ediljek talyplaryň sanyny artdyrmagy teklip etdi. Bellenişine görä, bu ugruň uly meşhurlyga eýe bolmagydyr. Bu barada “TASS” habarlar agentligi Russiýanyň bilim ministriniň orunbasary Denis Griboýedowyň sözlerine salgylanyp habar berýär.

Türkmen alymlarynyň himiýa ylmyndaky gazananlary: ylym ykdysadyýetiň hyzmatyndaTürkmen alymlarynyň himiýa ylmyndaky gazananlary: ylym ykdysadyýetiň hyzmatynda

Türkmen alymlarynyň himiýa ylmyndaky gazananlary: ylym ykdysadyýetiň hyzmatynda

Himiýa pudagyndaky açyşlar adamlaryň adaty durmuşyny üýtgetdi. Bu dersiň biologiýa, lukmançylyk, inženerçilik, oba hojalygyna goşan goşantlary iýmitiň, aragatnaşygyň, kesel we şikes bejeriş usullarynyň hiluniň ep-esli ýokarlanmagyna getiren häzirki zaman tehnologiýalaryň ösmegine oňyn täsirini ýetirdi. Meşhur himikleriň gazananlaryna asla kembaha seretmek bolmaz, sebäbi olar bolmasa häzirki zaman dünýäsi düýbünden başgaça bolardy.

Sian “Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy” ady bilen talyplary taýýarlamak we olara bilim bermek boýunça maksatnamany ýola goýdySian “Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy” ady bilen talyplary taýýarlamak we olara bilim bermek boýunça maksatnamany ýola goýdy

Sian “Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy” ady bilen talyplary taýýarlamak we olara bilim bermek boýunça maksatnamany ýola goýdy

Merkezi Aziýadan zehinli ýaşlary Siýanda okamaga çekmek, şeýle hem Sianyň MA sebitindäki bilim täsirini we özüne çekijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Sianyň Ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň Ýokary Tehnologik kolledži “Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy” atly ýörite talyp hakly maksatnama boýunça 2023-nji ýylyň güýzünde resmi kabul edişlige başlaýar. Bu barada Hytaýyň Huayu Education Network bilim hyzmatlary platformasynyň saýtynda habar berilýär.