HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentine ýurtdaky tokaý ýangynlary zerarly gynanç bildirdi

Iýun 11, 2023 | 23:34 |4349
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň gündogaryndaky Abaý oblastynda emele gelen giň
gerimli tokaý ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny
iberdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň gündogaryndaky Abaý oblastynda emele gelen giň
gerimli tokaý ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny
iberdi.
Çeşme: kazlenta.kz

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň gündogaryndaky Abaý oblastynda emele gelen giň gerimli tokaý ýangynlary we olaryň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan- garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çeken sebitleriň bolsa tiz wagtda dikelmegi baradaky dileglerini beýan etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gynanç hatyny iberdi. Onda: “Bu kyn pursatda, düzedip bolmajak ýitgileriň hasratyny siziň bilen paýlaşýarys” – diýlip, tebigy betbagtçylygyň netijeleriniň gysga wagtda ýok edilmegi arzuw edilýär, duýgudaşlyk we goldaw bildirilýär.

Abaý oblastynda ýerleşýän tebigy goraghanadaky ýangynlar 8-nji iýundan bäri dowam edýär, onuň meýdany 60 müň gektara ýetdi. Tokaý ýangynlary zerarly 14 adam wepat boldy. Deslapky maglumatlara görä, gurban bolanlaryň hemmesi tokaý hojalygynyň işgärleri.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew 12-nji iýuny Milli matam güni diýip yglan etdi.

Ýangynlaryň çalt ýaýbaňlanmagyna yssy howa, güýçli şemallar öz täsirini ýetirdi. Ýangynyň döremegine ýyldyrym çakmagy sebäp bolup bilendir, diýlip çaklanylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

Si Szinpin Hytaý bilen Ýewropanyň arasyndaky açyklygy we söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdy

14:00 Oktýabr 31, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamy esasy göterim derejesini 3,75–4 göterim aralygynda saklady

21:00 Oktýabr 30, 2026
Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

Ştaýnmaýere Pekin uniwersitetiniň hormatly professory ady berildi

19:00 Oktýabr 30, 2026