

Türkmenistanlylary BMG-niň halkara toparynyň üstüni ýetirmäge çagyrýarlar
Türkmenistanyň ýaşlary BMG-niň ýaş hünärmenler Maksatnamasynyň gatnaşyjylary bolup bilerler (UN Young Professionals Program). Ýüz tutmalary tabşyrmak işi eýýäm başlandy.


Türkmenistanyň ýaşlary BMG-niň ýaş hünärmenler Maksatnamasynyň gatnaşyjylary bolup bilerler (UN Young Professionals Program). Ýüz tutmalary tabşyrmak işi eýýäm başlandy.


Türkiýäniň Burdur welaýatyndaky gadymy şäher bolan Kibirdäki dokuz aýlyk dikeldiş işlerinden soňra iki müň ýyllyk suw çüwdürimi ýene-de janlandy. Monumental suw çüwdüriminiň dikeldiş işleri Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň ýardam etmeginde geçirildi.


Prezident Serdar Berdimuhamedow iýun aýynyň 28,29,30-y günleri ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek baradaky Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.


Fransiýanyň täze ilçisi Filip Merlen, ynanç hatynyň nusgalaryny diplomatyň wezipä bellenilmegi bilen gutlan we Aşgabatdaky fransuz missiýasynda ýolbaşçylyk edýän işlerinde ýardam we goldaw bermäge taýýardygyny aýdan Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowa gowşurdy.


Täjigistanyň ilçisi Farruh Homiddin Şarifzoda Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar we bu sebäpli penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine baryp, kärdeşlerine özara peýdaly döwletara gatnaşyklary giňeltmekde berýän goldawy we ýardamy üçin minnetdarlyk bildirdi.


Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ähli isleg bildirýänleri 21-nji iýunda bellenip geçilýän Halkara ýoga gününi baýram etmäge goşulmaga çagyrýar.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri bejeriş we öňüni alyş merkeziniň müdiriýetiniň Gan merkezi her ýylda 100 müň donordan 50 müň litre golaý gany gaýtadan işleýär.


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnografiýa kafedrasynyň müdiri Mähri Perdeliýewa «Ýylyň mugallymy» diýlip yglan edildi. Bu abraýly hünär adynyň eýesiniň dabaraly sylaglanmagy şol ýokary okuw mekdebinde bolup geçdi.


«XXI asyrda ylym we bilim» atly onlaýn-formatdaky ylmy-amaly maslahat Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirildi. Oňa 10 sany daşary ýurt ýokary okuw mekdeplerinden 40-a golaý mugallym gatnaşdy – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Dubaýyň howa menzilleri öz hyzmatdaşlary bilen bilelikde haj parzyny amala aşyrýan zyýaratçylary garşylamaga taýýarlyk görýärler. 22-nji iýunda Saudia uçar kompaniýasy 1 DXB terminalyndan ilkinji uçuşyny ýerine ýetirer.


Türkmenistanda Özbegistanyň prezidentiniň 2023-nji ýylyň 9-njy iýulynda boljak wagtyndan öňki saýlawlarynda ses bermek üçin saýlaw uçastoklary dörediler. Degişli bildiriş şu gün resmi türkmen metbugatynda çap edildi.


GDA agza-ýurtlaryň «GDA üçin 100 pikir» («100 идей для СНГ») atly Halkara ýaşlar taslamasynyň halkara tapgyryna taýýarlanmagyň meseleleri Arkalaşyga agza-döwletleriň ýaşlar boýunça Geňeşiniň mejlisiniň barşynda Bişkekde ara alnyp maslahatlaşyldy.


“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kärhanasynyň “Çapar” mobil goşundysy arkaly ýol polisiýasynyň jerimeleriniň barlygyny-ýoklugyny anyklamak we onlaýn tölemek hyzmaty hödürlenýär.


Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýew oblastyň daşary aragatnaşyklar ministri Wladimir Golowkow bilen gepleşikleri geçirdi, onuň barşynda taraplar ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler – diýip, türkmen konsullygynyň metbugat gullugy habar berýär.


Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Muhammetseýit Sylapow Halkara zähmet guramasynyň maslahatynyň 111 sessiýasyna gatnaşdy, onda HZG-nyň baş direktorynyň dokladyny goldamak boýunça Aşgabadyň garaýşyny beýan etdi.