Habarlar

ÝB-niň ýaryşlarynda Merkezi Aziýadan bolan ýeňijiler Latwiýanyň energiýa netijeliligini öwrenýärlerÝB-niň ýaryşlarynda Merkezi Aziýadan bolan ýeňijiler Latwiýanyň energiýa netijeliligini öwrenýärler

ÝB-niň ýaryşlarynda Merkezi Aziýadan bolan ýeňijiler Latwiýanyň energiýa netijeliligini öwrenýärler

Talyplar, ýaş alymlar we hünärmenler, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan iň köp energiýa tygşytlaýan mekdepleriň wekilleri “Energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak - Latwiýanyň tejribesi” atly okuw sapary bilen Latwiýa bardylar. Ýewropa Bileleşiginiň çakylygy boýunça bu çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň 12 wekili gatnaşdy. Olar ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýetiniň metbugat we maglumat bölüminiň sahypasynda habar berlişi ýaly, ÝB-niň “#Reels4SustainableEnergy” we iň oňat durnukly energetika Mural Dizaýn ýaryşlarynyň ýeňijileri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň paýtagtlaryndaky umumy bilim berýän mekdepleriň arasynda “Iň köp energiýa tygşytlaýan mekdep” adyna dalaşgär görkezilen mekdepleriň wekilleridir.