Habarlar

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisiniň We MDHGI-Ň rektorynyň duşuşygyTürkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisiniň We MDHGI-Ň rektorynyň duşuşygy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisiniň We MDHGI-Ň rektorynyň duşuşygy

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300-ýyllygyna bagyşlap, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň hem-de Moskwa döwlet halkara gatnaşyklary institutynda (MDHGI) bilim alýan türkmen talyplarynyň jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde guralan we geçirlen Tegelek stol we sergi çäresiniň çäklerinde 2024-nji ýylyň 21 martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçisi E.M.Aýdogdyýew bilen MDHGI-ň rektory A.W.Torkunowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Pekinde Magtymguly Pyraga we Nowruz Baýramyna bagyşlanan çäre gurnaldyPekinde Magtymguly Pyraga we Nowruz Baýramyna bagyşlanan çäre gurnaldy

Pekinde Magtymguly Pyraga we Nowruz Baýramyna bagyşlanan çäre gurnaldy

Mart aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasy 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygry astynda geçýän we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna hem-de Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz Günine bagyşlanan dabaraly kabul edişligi kaşaň Pekin Marriott otelinde gurnady. Bu çäreni geçirmäge Hytaý Atçylyk Assosiasiýasy we onuň baş sekretary Ýue Gaofen uly ýardam berdi.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Dermanlyk ösümliklerine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildiTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Dermanlyk ösümliklerine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Dermanlyk ösümliklerine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün (14.03.2024ý.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerinden ugur alnyp “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar.. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.