HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistanda daşky gurşawy goramak meselelerini çözmek işlerine ýaşlar giňden çekiler

Mart 15, 2024 | 10:14 |6157
Özbegistanda ekologiýa meselelerini çözmek işlerine ýaşlar giňden çekiler diýip, Podrobno.uz agentligi habar berýär.Özbegistanda ekologiýa meselelerini çözmek işlerine ýaşlar giňden çekiler diýip, Podrobno.uz agentligi habar berýär.
Çeşme: podrobno.uz

Özbegistanda ekologiýa meselelerini çözmek işlerine ýaşlar giňden çekiler diýip, Podrobno.uz agentligi habar berýär.

Özbegistanyň Ekologiýa ministrliginde aýtmaklaryna görä, bu edaranyň ýanynda 75 adamdan ybarat Ýaşlar geňeşi dörediler.

Özbegistanyň her sebitinde ekologiýa ilçileri peýda bolar. Olar Ýaşlar geňeşiniň goldaw bermeginde ekologiýa meseleleriniň sebit kartalaryny işläp taýýarlarlar.

Şeýle hem ýaş nesliň wekilleri üçin dürli ekologiýa çäreleri, şol sanda EduCo festiwaly, “arassa” oýunlar we beýleki çäreler guralar.

Özbegistanyň ekologiýa ministri Aziz Abduhakimowyň belleýşi ýaly ýaşlar özgertmeleriň herketlendiriji güýjidir. Şoňa görä-de, ýaş nesliň işjeňligi we döredijilik kuwwaty durnukly we ekologiýa taýdan arassa geljegi gurmakda möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Ýaşlary ekologiýa meselelerini çözmäge çekmegiň çäklerinde sebitlerdäki mekdeplere Braýliň şriftinde çap edilen ekologiýa baradaky kitaplary paýlamak üçin haýyr-sahawat saparlary geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026