HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenpoçta” ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär

Mart 25, 2024 | 09:42 |5775
“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär.“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär.
Çeşme: dsm.by

“Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasy ýükleri ibermek we kabul etmek boýunça hyzmatlary hödürleýär.

Bu hyzmat ýuridiki, şeýle hem fiziki şahslar üçin elýeterlidir.

Kompaniýanyň ýurdumyzyň ähli demirýol menzillerinde hereket edýän ýük bölümlerine ýüz tutup, siz ýüküň möçberine we ölçegine garamazdan ony Türkmenistanyň islendik nokadyna iberip bilersiňiz.

Ýüki demirýol menziline özbaşdak ýa-da munuň üçin çapar çagyryp ýetirmek bolýar.

Ýük ugradylmazdan ozal “akylly” terezilerde çekilýär. Operator kompýutere ýüküň ölçegi we eltilmeli nokady baradaky maglumaty girizýär, ulgam bolsa awtomatik ýagdaýda hyzmatyň bahasyny hasaplaýar.

Girizilen maglumaty we hasaplamalary “Türkmenpoçtanyň” bitewi sanly platformasynda yzarlap bolýar. Munuň özi amallaryň aýdyňlygyny üpjün etmek we müşderiniň kärhananyň işine ynamyny pugtalandyrmak üçin ýola goýuldy.

Iberilen ýüküň barmaly nokadyna öz wagtynda we ygtybarly ýetirilmegi “Türkmenpoçtanyň” ýük bölüminiň hyzmatlaryndan peýdalanmagyň artykmaçlyklarynyň biridir. Ýük wagonlary ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gündelik hereket edýär.

Müşderiniň islegi boýunça ýüki ýük bölüminden özleri hem alyp gaýdyp bilýärler.

Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin alyjynyň pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga bir resminamany görkezmek zerurdyr.

Giňişleýin maglumat almak üçin (+99312) 94-20-34 ýa-da 075 gysga belgä jaň ediň.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026