HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BSGG mukaddes Oraza aýynda agyz bekleýänlere maslahatlary berýär

Mart 13, 2024 | 10:23 |6827
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) mukaddes Oraza aýynda agyz bekleýän musulmanlaryň fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin birnäçe maslahatlary berýär.Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) mukaddes Oraza aýynda agyz bekleýän musulmanlaryň fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin birnäçe maslahatlary berýär.
Çeşme: interfax.ru

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) mukaddes Oraza aýynda agyz bekleýän musulmanlaryň fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin birnäçe maslahatlary berýär. Oraza aýynda agyz beklemek türkmen halkynyň durmuşynda hem uly ähmiýete eýedir. Agyz beklemegiň kadalary dogry ýerine ýetirilende ynsan saglygy üçin peýdaly bolýar.

Eger-de agyz bekleýän bolsaňyz, şulary berjaý ediň:
— köp mukdarda (10 bulgur) suw içiň we suwuk naharlary iýiň;
— kofeini we şekeri az mukdarda sarp ediň;
— yssy we gurak ýerlerde bolmakdan gaça duruň;
— agyz açmak üçin (hurma, gök önümler, däneli ekinlerden taýýarlanylan tagamlar, et önümleri) hemme witaminler bolan naharlary (iftar) iýiň;
— aşa köp iýmekden saklanyň;
— agyz ýapanyňyzda ýeňil iýmitleniň (süýt we çörek önümleri);
— ýagly, duzly naharlary, düzüminde şekeriň uly mukdary bolan süýjülikleri iýmekden mümkinç boldugyça saklanyň;
— duza we sousa derek goşundylary köprak ulanyň;
— howlukman iýip-içiň;
— agşamlaryna gezelenç ediň.

Mundan başga-da, BSGG mukaddes Oraza aýynyň diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem, beden taýdan hem saglyga peýdaly bolmagy üçin keýpiňi bozýan zatlardan we zyýanly endiklerden gaça durmagy maslahat berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026