Habarlar

Hazarýaka ýurtlarynyň diplomatlary Astrahanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary hatyraladylarHazarýaka ýurtlarynyň diplomatlary Astrahanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary hatyraladylar

Hazarýaka ýurtlarynyň diplomatlary Astrahanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary hatyraladylar

Ýeňiş gününiň öňüsyrasynda Hazarýaka ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Eýranyň diplomatlary Doganlyk bagynda «Baky şöhrat ody» ýadygärligine gül desselerini goýdular. Olar Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlaryny bir minutlyk dymyşlyk bilen hatyraladylar diýip, Astrahan oblastynyň dolandyryş edaralarynyň portalynda habar berilýär.

USAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnadyUSAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady

USAID türkmen surdoterjimeçileri üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek (GSP) taslamasy Türkmenistanyň körler we kerler jemgyýetiniň (TKKJ) alty sany surdoterjimeçisi üçin Gazagystana okuw saparyny gurnady. 12-nji we 22-nji aprel aralygynda geçirilen bu sapar Türkmenistanda eşidiş ukyby pes bolan adamlara has-da gowy hyzmat etmekleri üçin surdoterjimeçileriň başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirildi.

Atly esse bäsleşiginiň ýeňijileri hormatly prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandyAtly esse bäsleşiginiň ýeňijileri hormatly prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Atly esse bäsleşiginiň ýeňijileri hormatly prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Astrahan oblastynyň Priwolžskaýa raýonynyň Funtowa obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragy adyndaky mekdebiniň 8-nji we 9-njy synp okuwçylarynyň arasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetl «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly temadan esse ýazmak bäsleşiginň jemi jemlendi. Mekdep okuwçylary bu bäsleşikde pikirlerini beýan edmek üçin beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini beýan edmek üçin köp okap taýýarlanandyklaryny görmek bolýar.