Habarlar

Belarusyň ýokary okuw mekdepleri türkmen dalaşgärlerini okuwa çagyrýarlarBelarusyň ýokary okuw mekdepleri türkmen dalaşgärlerini okuwa çagyrýarlar

Belarusyň ýokary okuw mekdepleri türkmen dalaşgärlerini okuwa çagyrýarlar

Belarus uniwersitetleri Türkmenistandan zehinli dalaşgärler üçin gapylaryny açýarlar. Belarus Respublikasynyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň Aşgabatdaky resmi wekili bolan «Ideýa+» agentligi türkmen ýaşlaryny abraýly talyplar jemgyýetiniň bir bölegi bolmaga we 2024-2025-nji okuw ýylynda bakalawriat, magistratura, aspirantura we doktorantura ugurlary boýunça ýokary bilim almaga çagyrýar.

Türkmenistanyň Adalatçysy Finlýandiýada geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşýarTürkmenistanyň Adalatçysy Finlýandiýada geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Adalatçysy Finlýandiýada geçirilen halkara okuw maslahatyna gatnaşýar

Finlýandiýanyň Helsinki uniwersitetinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adalatçylarynyň alyp barýan işlerini işjeňleşdirmäge we tejribe alyşmaklaryny üpjün etmäge gönükdirilen halkara çäre geçirilýär. Finlýandiýanyň Daşary işler ministrliginiň we Helsinki uniwersitetiniň ýanyndaky Kanunyň hökmürowanlygy merkeziniň bilelikde guramagyna geçirilýän bu çärä Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Ýazdursun Gurbannazarowa, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň adalatçylary gatnaşýarlar.

DIM-niň HGI tarapyndan yglan edilen halkara düzme bäsleşigi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan talyplaryň ünsüni çekdiDIM-niň HGI tarapyndan yglan edilen halkara düzme bäsleşigi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan talyplaryň ünsüni çekdi

DIM-niň HGI tarapyndan yglan edilen halkara düzme bäsleşigi Merkezi Aziýa ýurtlaryndan talyplaryň ünsüni çekdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar instituty tarapyndan yglan edilen «Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde halkara ynsanperwer hukugynyň ähmiýeti» atly düzme ýazmak bäsleşigine 80-den gowrak iş gelip gowuşdy, şolaryň 30-dan gowragy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we magistrantlary tarapyndan hödürlendi.