Habarlar

Ählumumy derejedäki işläp düzüjiler Türkmenistanda MTK bilim ekoulgamynyň döredilmegine goldaw bermäge taýýarÄhlumumy derejedäki işläp düzüjiler Türkmenistanda MTK bilim ekoulgamynyň döredilmegine goldaw bermäge taýýar

Ählumumy derejedäki işläp düzüjiler Türkmenistanda MTK bilim ekoulgamynyň döredilmegine goldaw bermäge taýýar

“Türkmentel-2024” atly halkara sergisiniň we maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa sebiti boýunça MKT çözgütleriniň marketing we satuw bölüminiň ýolbaşçysy Allen Tang bilen duşuşdy. Maglumat we kommunikasiýalar tehnologiýalary (MKT) pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk meseleleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy

"Türkmenaragatnaşyk" we BMGÖM elektron hökümet esaslarynyň "demo" görnüşini hödürlediler"Türkmenaragatnaşyk" we BMGÖM elektron hökümet esaslarynyň "demo" görnüşini hödürlediler

"Türkmenaragatnaşyk" we BMGÖM elektron hökümet esaslarynyň "demo" görnüşini hödürlediler

“Men aýratyn begenýärin “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň stendiniň ýanynda duranyma, biz iki ýyl bäri ýurduň elektron hökümetini döretmekde strategiki hyzmatdaş bolmak bilen iki ýyl bäri ýakyndan işleşýäris” – diýip BMGÖM-nyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan “Türkmentel-2024” sergisinde ORIENT bilen geçiren söhbetdeşliginde aýtdy.

COP29-yň çäginde halkara ýaşlar ulgamy açyldyCOP29-yň çäginde halkara ýaşlar ulgamy açyldy

COP29-yň çäginde halkara ýaşlar ulgamy açyldy

12-nji noýabrda, Bakuda açylan Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisiniň (COP 29) çäginde sebitdäki sekiz ýurtdan: Türkmenistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkiýe, Wengriýa we Azerbaýjan ýaş höwesjeňleri birleşdirýän eko-aktiwistleriň halkara ýaşlar ulgamy Youth Climate Actions Network (YouthCAN) işe girizilmegi bilen bagly çäre geçirildi. Bu barada tanyşdyryş dabarasyny gurnaýjylar ORIEN-iň habarçysyna habar berdiler

Türkmen lukmanlary onkologiýa we pallatiw bejergide Ýewropanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärlerTürkmen lukmanlary onkologiýa we pallatiw bejergide Ýewropanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler

Türkmen lukmanlary onkologiýa we pallatiw bejergide Ýewropanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler

On üç adamdan ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Bawariýa sebitiň Fürstenfeldbruk şäherindäki hassahana baryp gördi. Aşgabatdan baran lukmanlar uniwersitetde 15 ýyldan gowrak wagt bäri mugallymçylyk edýän we hassahanalarda hirurglary taýýarlaýan, umumy we wisseral hirurgiýa bölüminiň baş lukmany, professor Frits Spelsbergiň ýolbaşçylygynda nemes kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin okuw sapagyny geçirdiler