HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen lukmanlary onkologiýa we pallatiw bejergide Ýewropanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenýärler

Noýabr 13, 2024 | 02:45 |7135
On üç adamdan ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Bawariýa sebitiň Fürstenfeldbruk şäherindäki hassahana baryp gördi. Aşgabatdan baran lukmanlar uniwersitetde 15 ýyldan gowrak wagt bäri mugallymçylyk edýän we hassahanalarda hirurglary taýýarlaýan, umumy we wisseral hirurgiýa bölüminiň baş lukmany, professor Frits Spelsbergiň ýolbaşçylygynda nemes kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin okuw sapagyny geçirdilerOn üç adamdan ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Bawariýa sebitiň Fürstenfeldbruk şäherindäki hassahana baryp gördi. Aşgabatdan baran lukmanlar uniwersitetde 15 ýyldan gowrak wagt bäri mugallymçylyk edýän we hassahanalarda hirurglary taýýarlaýan, umumy we wisseral hirurgiýa bölüminiň baş lukmany, professor Frits Spelsbergiň ýolbaşçylygynda nemes kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin okuw sapagyny geçirdiler
Çeşme: klinikum-ffb.de

On üç adamdan ybarat Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Bawariýa sebitiň Fürstenfeldbruk şäherindäki hassahana baryp gördi. Aşgabatdan baran lukmanlar uniwersitetde 15 ýyldan gowrak wagt bäri mugallymçylyk edýän we hassahanalarda hirurglary taýýarlaýan, umumy we wisseral hirurgiýa bölüminiň baş lukmany, professor Frits Spelsbergiň ýolbaşçylygynda nemes kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin okuw sapagyny geçirdiler.

Häzirki wagtda Aşgabatda atom energiýasynyň lukmançylyk mümkinçilikleriniň ulanyljak halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi gurulýar, onda döş düwnük (rak) keselini bejermek üçin ýörite merkez we pallatiw bejeriş bölümi dörediler. Şonuň bilen baglylykda bu sapar, esasan, enjamlar, tehnologiýa we ýokary taýýarlyk işgärler bilen üpjün etmek we dersara hyzmatdaşlyk pudagynda, esasanam düwnük kesellerine ideg etmekde nemes tejribesini öwrenmäge gönükdirildi.

Ozal türkmen wekiliýeti Milanda, Parižde, şeýle hem Germaniýanyň Erlangen şäherinde we Berlindäki Şarite hassanasynda, Mýunheniň Grosshadern uniwersitetiniň hassahanasynda boldylar.

Daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara lukmançylyk wekiliýetlerini ibermek Türkmenistanda saglygy goraýyşy ulgamyny ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm bölegidir. Iň ýokary lukmançylyk tejribesini, şol sanda Ýewropa ýurtlaryň tejribesini öwrenilmegi, anyklaýyş we bejerginiň innowasion usullaryny ornaşdyrmaga, şeýle hem lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurtda halkara derejesindäki täze lukmançylyk institutlarynyň döredilmegi meselesinde örän ähmiýetlidir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026